«Türkmennebit» döwlet konserni TNGIZT-däki lift enjamlaryny döwrebaplaşdyrmak boýunça halkara tender yglan etdi


2026-njy ýylyň 20-nji iýulynda «Türkmennebit» döwlet konserni Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň (TNGIZT) 6-njy sehindäki PPI desgasynyň ýolagçy liftini söküp aýyrmak, täzesini getirmek, gurnamak we ulanmaga bermek üçin teklipi işläp taýýarlamak barada №209 belgili halkara açyk tender yglan etdi.
Tenderde diňe degişli enjamlary öndüriji kompaniýalar, tender resminamalarynda görkezilen talaplara laýyk gelen ýagdaýynda gatnaşyp bilerler.
Gatnaşmagyň şertleri
Tenderde gatnaşmak isleýän kompaniýalar öz doly adyny, hukuk ýagdaýyny, hasaba alnan ýurduny we bank rekwizitlerini görkezmek bilen ýazmaça arza tabşyrmaly.
Şeýle hem gatnaşyjylar “Döwlet hajatlary üçin harytlary getirmek, işleri ýerine ýetirmek, hyzmatlary etmek boýunça tenderler hakynda” Türkmenistanyň Kanuny, tenderi geçirmegiň düzgünleri hem-de zerur resminamalaryň sanawy bilen tanyşmaly.
Kompaniýalara lotuň spesifikasiýasy, tehniki talaplar we şertnamanyň esasy şertleri berler.
Offşor zolaklarynda hasaba alnan ýa-da bank hasaplary bolan kompaniýalaryň arzalary kabul edilmeýär.
Tender tekliplerini tabşyrmak
Tender teklipleri bildiriş «Neýtralnyý Türkmenistan» gazetinde çap edilen gününden başlap 30 iş gününiň dowamynda kabul edilýär.
Soňky möhlet — 30-njy iş gününiň sagat 12:00-a çenli.
Soňky möhletden soň gelip gowşan teklipler kabul edilmeýär.
Doly tender teklipli, möhür bilen tassyklanan bukja bildiriş çap edilen pursatyndan tabşyrylmaly hem-de pul serişdeleri hasaba gowşandan soň seretmek üçin kabul edilýär. Tender bukjasyna hökmany suratda anketanyň, şertnamanyň esasy şertleriniň elektron görnüşini (“Word” formatda) hem-de tehniki-ykdysady spesifikasiýany (“Excel” formatda) salmaly.
Gatnaşmak üçin töleg
Her bir lot boýunça tendere gatnaşmak üçin ABŞ-nyň 1725 dollary möçberinde (GSB bilen) serişdeleri ýa-da şoňa deň bolan manat serişdelerini tölemek üçin hasap almaly. Pul serişdelerini geçirmek üçin niýetlenen hasap arza berlende görkeziler.
Resminamalaryň tabşyrylmaly salgysy
Türkmenistan, Aşgabat şäheri, Arçabil şaýoly, 56, 4-nji gat, «Türkmennebit» döwlet konserni.
Habarlaşmak üçin:
• Telefon belgileri: 40-39-24, 40-39-90
• Faks: 40-39-93, 40-33-06
• Tehniki soraglar boýunça: 40-35-77
• E-poçta: fer@turkmennebit.gov.tm
Tenderiň yglan edilen senesi: 2026-njy ýylyň 20-nji iýuly.
Tender tekliplerini tabşyrmagyň soňky möhleti: 2026-njy ýylyň28-nji awgustyna çenli.








