HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

BMG-niň täze Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wan Türkmenistanda wezipesine girişdi

Iýul 21, 2026 | 19:30 |2513
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdiTürkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

AŞGABAT, 20-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Birleşen Milletler Guramasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Hemişelik utgaşdyryjysy Sýaoszýun Wany kabul etdi. Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysy diplomaty täze wezipesine girişmegi bilen gutlap, oňa geljekki işinde uly üstünlikleri arzuw etdi.

Duşuşygyň başynda taraplar ýakyn geljek üçin hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Aýratyn üns durnukly ösüş ulgamynda hyzmatdaşlygyň 2026 — 2030-njy ýyllar üçin Çarçuwaly maksatnamasynyň durmuşa geçirilmegine, Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyň durmuşa geçirilişi boýunça Meýletin milli synynyň taýýarlanylmagyna, şeýle hem «Türkmenistan – BMG» Strategik maslahat beriş geňeşiniň işine gönükdirildi.

Sýaoszýun Wan bilen Raşid Meredow ýurduň milli ileri tutulýan ugurlaryny hem-de durnukly ösüş boýunça ählumumy wezipelere laýyk gelýän täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny tassykladylar. Diplomatlar aýratyn ünsüni Türkmenistanyň BMG-niň çägindäki halkara başlangyçlaryny öňe sürmegiň, şeýle hem Awaza syýasy Jarnamasyny we 2024–2034-nji ýyllar üçin Hereketleriň Awaza maksatnamasyny yzygiderli durmuşa geçirmäge gönükdirdiler diýip, DIM-iň resmi saýtynda habar berilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

Dünýäde nebitiň bahalary çarşenbe güni peseldi, emma ýokary derejede galýar

17:00 Sentýabr 17, 2026
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026