HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna amatly tomus howasy bolan hepde garaşýar

Iýul 21, 2026 | 19:20 |2821
Ýakyn wagtda ýurdumyzyň köp sebitlerinde howanyň temperaturasy ortaça derejede bolup, +32…+36 °C-den ýokary geçmezÝakyn wagtda ýurdumyzyň köp sebitlerinde howanyň temperaturasy ortaça derejede bolup, +32…+36 °C-den ýokary geçmez
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň ýaşaýjylaryna ýakyn günlerde has amatly iş hepdesi garaşýar. Ýakyn wagtda ýurdumyzyň köp sebitlerinde howanyň temperaturasy ortaça derejede bolup, +32…+36 °C-den ýokary geçmez. Käbir welaýatlarda bolsa ýeliň güýçlenmegine garaşylýar.

Welaýatlar boýunça howa maglumatlar:

Aşgabat şäheri we Ahal welaýaty:

Hepdäniň birinji ýarymynda howa has ýumşak bolar — sişenbe we çarşenbe günleri gündizine temperatura +32…+35 °C töweregi bolar. Penşenbe we anna günleri termometrleriň görkezijisi +36…+37 °C çenli ýokarlanar. Dynç günlerinde (şenbe we ýekşenbe) tomusky kadaly derejä ýetip, +39…+40 °C bolar.

Daşoguz welaýaty:

Ýurdumyzyň demirgazygynda hepde salkyn howa bilen başlanar — sişenbe güni temperatura bary-ýogy +32 °C bolar, ýeliň tizligi 40 km/s çenli ýetip biler. Anna gününe çenli temperatura kem-kemden ýokarlanyp, +34 °C-den +36 °C çenli bolar. Ýekşenbe güni bolsa +38 °C ýeter.

Mary welaýaty:

Sişenbe we çarşenbe günleri üýtgäp durýan bulutly howa bolup, temperatura +34…+35 °C töweregi bolar. Ýeliň tizligi 37 km/s çenli güýçlenip biler. Howanyň gyzmagy ýuwaş-ýuwaşdan dowam eder: anna güni +37 °C, ýekşenbe güni bolsa +40 °C garaşylýar.

Lebap welaýaty:

Hepdäniň başynda bulutly we şemally howa çaklanylýar (ýeliň tizligi 42 km/s çenli). Sişenbe gününden penşenbe gününe çenli temperatura +34…+35 °C bolar. Şenbe güni +39 °C, ýekşenbe güni bolsa +40 °C derejesine çykar.

Balkan welaýaty:

Hepdäniň ilkinji iş günleri güneşli howa we amatly +35 °C temperatura bilen başlanar. Emma ýurdumyzyň günbatar böleginde howanyň gyzmagy has çalt dowam eder: anna güni +39 °C, ýekşenbe güni bolsa temperatura +42 °C çenli ýetip biler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

Türkmenistanda Köneürgenje demir ýol gezelenji guralar

23:30 Awgust 18, 2026
Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

Turkish Airlines Stambul bilen Minsk arasyndaky gatnawlary täzeden başlar

23:25 Awgust 18, 2026
GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

GGGI guramasynyň goldawy bilen Türkmenistan täze ýaşyl maýa goýumlaryny çekip biler

23:10 Awgust 18, 2026