HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Awazada Hazar ekologiýa sammiti geçiriler

Iýul 21, 2026 | 19:34 |5493
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Hazar ekologiýa sammitini kabul etmäge taýýarlyk görýär«Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Hazar ekologiýa sammitini kabul etmäge taýýarlyk görýär
Çeşme: orient.tm

AŞGABAT, 20-nji iýul | ORIENT. «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda geçiriljek Hazar ekologiýa sammitini kabul etmäge taýýarlyk görýär. Bilermenler we diplomatlar sebitiň ekoulgamyny bilelikde goramagyň esasy ugurlaryny kesgitlejek resminamalar toplumyny ylalaşmak işlerine eýýämden girişdiler.

Ýokary derejedäki duşuşyga görülýän taýýarlyk Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparynyň mejlisinde ara alnyp maslahatlaşyldy. Öňde boljak sammit ýurduň halkara ekologiýa başlangyçlaryny ilerletmek we daşky gurşawy goramak ulgamynda ählumumy institutlar bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek üçin möhüm meýdança bolar. Şol bir wagtyň özünde Hazar deňziniň güni mynasybetli geçiriljek çärelere hem taýýarlyk görülýär.

Ekologik forum Hazar deňziniň kenarynda geçiriljek giň gerimli güýzki çäreleriň iň möhüm bölekleriniň biri bolar. Belläp geçsek, oktýabr aýynda Awazada Merkezi Aziýa döwletleriniň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy, GDA-nyň döwlet Baştutanlary Geňeşiniň mejlisi, suw serişdeleri boýunça ministrler derejesindäki geňeşmeler hem-de Halkara zenanlar dialogy ýaly ýokary derejeli birnäçe çäre geçiriler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

Eýran Merkezi Aziýa ýurtlary bilen bitewi ykdysady giňişlik döretmegi teklip etdi

22:40 Oktýabr 06, 2026
ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

ÝTÖB Türkmenistanda ilkinji maýa goýum geleşiklerine garaşýar

22:30 Oktýabr 06, 2026
Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

Ilon Mask “SpaceX”-i «super intellekt» kompaniýasy diýip atlandyrdy we “SpaceXAI”-nyň adynyň “SpaceXSI” diýlip üýtgediljekdigini habar berdi

22:00 Oktýabr 06, 2026