HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Raşid Meredow bilen Sergeý Lawrow telefon arkaly söhbetdeşlikde ynsanperwer taslamalary we güýzdäki sammiti ara alyp maslahatlaşdylar

Iýul 21, 2026 | 19:28 |2463
Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdiTürkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi
Çeşme: orient.tm

AŞGABAT, 20-nji iýul | ORIENT. Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministri Sergeý Lawrow bilen telefon arkaly söhbetdeşlik geçirdi. Söhbetdeşlik rus tarapyň başlangyjy bilen geçirildi diýip, Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň metbugat gullugy habar berýär.

Ministrlikleriň ýolbaşçylary ikitaraplaýyn gün tertibiniň esasy meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar we ynsanperwer hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine aýratyn üns berdiler. Hususan-da, taraplar bilim we medeniýet ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary çaltlandyrmaga özara gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.

Gepleşikleriň aýratyn ugurlarynyň biri hem öňde boljak halkara duşuşyklaryna görülýän taýýarlyk boldy. Ministrlikleriň ýolbaşçylary 2026-njy ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistanda geçiriljek ýokary we iň ýokary derejedäki köptaraplaýyn çärelere taýýarlyk meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de özara utgaşykly hereket etmegiň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026
Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

Türkiýede 2-nji Ýakyn Gündogar azyk sergisi MFF 2026 geçiriler

20:52 Sentýabr 16, 2026