Ýeriň ýaşaýjylary iýul aýynyň ahyrynda seýrek duş gelýän «keseligine» meteor ýagşyny synlap bilerler


30-njy iýuldan 31-nji iýula geçilýän gije Günorta Delta-Akwaridalar meteor akymynyň iň ýokary işjeňligine garaşylýar. Bu seýrek astronomik hadysanyň esasy aýratynlygy, «atylyp geçýän ýyldyzlaryň» adatdakysy ýaly ýokardan aşak däl-de, eýsem asman giňişliginde ýeriň ýüzüne parallel, keseligine hereket edýän ýaly görünmegidir.
Bu hadysany synlamak üçin iň amatly şertler Ýeriň Günorta ýarymşarynda emele geler. Şeýle-de bolsa, Demirgazyk ýarymşaryň ýaşaýjylary hem bu täsinligi görüp bilerler. Üstesine-de, ýyldyz toplumynyň gözýetime golaý ýerleşmegi sebäpli meteorlar asmanda has uzak aralygy geçýän ýaly bolup görner we olaryň yzy adaty meteor ýagşynlaryna garanyňda has uzak wagtlap görünip durar.
Meteor akymynyň iň ýokary döwründe sagatda 25-e çenli meteor synlamak mümkin bolar. Bu akymyň çeşmesi her bäş ýyldan Güne ýakynlaşýan 96P/Makholts kometasydyr. Günüň ýylylygy täsirinde kometadaky buz çalt bugaryp, özi bilen tozan bölejiklerini alyp gidýär we kosmosda yz galdyrýar. Ýer şol yzdan geçende, ownuk bölejikler atmosferada ýanyp, ajaýyp ýagty şöhleleri emele getirýär.
Bu seýrek hadysany synlamak üçin teleskop gerek däl — meteor ýagşyny göz bilen hem aýdyň görmek mümkin bolar. Munuň üçin diňe şäher çyralaryndan uzakdaky garaňky ýeri saýlap, asmanynyň bulutsyz bolmagyna garaşmak ýeterlikdir.
ORIENT







