HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Tokioda Türkmenistanyň we JICA-nyň wodorod energetikasy, emeli aň hem-de oba hojalyk işewürligi ulgamlaryndaky täze taslamalary ara alnyp maslahatlaşyldy

Iýul 20, 2026 | 05:42 |3070
Ýokary tehnologiýalar we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti Akihiko Tanakanyň Tokioda geçirilen duşuşygynyň esasy mowzugy boldyÝokary tehnologiýalar we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti Akihiko Tanakanyň Tokioda geçirilen duşuşygynyň esasy mowzugy boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Ýokary tehnologiýalar we ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmegiň geljekki mümkinçilikleri Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçisi Atadurdy Baýramow bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk agentliginiň (JICA) prezidenti Akihiko Tanakanyň Tokioda geçirilen duşuşygynyň esasy mowzugy boldy.

Duşuşygyň dowamynda taraplar türkmen-ýapon döwletara gatnaşyklarynyň häzirki ösüş ugruna ýokary baha berdiler. Bu gatnaşyklaryň strategik binýady geçen ýylyň aprel we dekabr aýlarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Tokio şäherine amala aşyran saparlarynyň çäklerinde Ýaponiýanyň Imperatory Naruhito hem-de Premýer-ministr Sanae Takaiçi bilen geçirilen netijeli gepleşikleriň esasynda has-da berkidildi.

Duşuşykda öňdebaryjy tehnologiýalar we arassa energetika ulgamlaryndaky bilelikdäki taslamalara aýratyn üns berildi. Hususan-da, hyzmatdaşlar abraýly Ýaponiýanyň Sukuba uniwersiteti bilen hünärmenleri taýýarlamak we ylmy hyzmatdaşlyk meselelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Häzirki wagtda bu ýokary okuw mekdebiniň binýadynda wodorod energetikasy ugrunda türkmen hünärmenleri taýýarlanylýar. JICA-nyň prezidenti agentligiň geljekde hem Türkmenistanyň döwlet edaralarynyň işgärleriniň hünär derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalary goldamaga taýýardygyny aýtdy. Şeýle hem ol sanly özgertmeleriň amala aşyrylmagyna, emeli aňyň ornaşdyrylmagyna we adam maýasyny ösdürmäge aýratyn ähmiýet beriljekdigini belledi.

Söwda-senagat hyzmatdaşlygy babatda diplomat bilen JICA-nyň ýolbaşçysy Türkmenistanda ýerli öndürijileri goldamaga hem-de sebitlerde kiçi telekeçiligi özboluşly ýerli önümler arkaly ösdürmäge gönükdirilen Ýaponiýanyň meşhur «Bir oba — bir önüm» (One Village, One Product) başlangyjynyň durmuşa geçirilişini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mundan başga-da, duşuşygyň gün tertibine saglygy goraýyş, durnukly ösüş, tehnologik hyzmatdaşlyk, medeni we syýahatçylyk alyşmalary ugurlarynda ikitaraplaýyn gatnaşyklary çuňlaşdyrmagyň mümkinçilikleri hem girizildi. Taraplar Türkmenistanyň bilen Ýaponiýanyň arasyndaky amaly hyzmatdaşlygy hil taýdan täze derejä çykarmaga ýardam etjek täze bilelikdäki tehniki ýardam maksatnamalaryny işe girizmek ugrunda özara ygrarlydyklaryny tassykladylar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026