Günorta Koreýa Merkezi Aziýa üçin täze ykdysady strategiýany taýýarlaýar


Günorta Koreýanyň Hökümeti Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmäge gönükdirilen giň gerimli meýilnamany taýýarlaýar. Günorta Koreýanyň “ETNews” ykdysady neşiriniň ýurduň Maliýe we ykdysadyýet ministrligine salgylanyp habar bermegine görä, Seul üpjünçilik zynjyrlaryny diwersifikasiýa etmegi hem-de koreý kompaniýalary üçin täze bazarlary açmagy maksat edinýär.
Şu ýylyň 16–17-nji sentýabrynda Seulda geçirilmegi meýilleşdirilýän taryhda “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” formatyndaky birinji ýokary derejeli sammiti aragatnaşyklary işjeňleşdirmegiň esasy itergisi boldy.
Seulda Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň — Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň örän uly strategik ähmiýete eýedigi nygtalýar. Günorta Koreýanyň esasy gyzyklanmasy iki möhüm ugra gönükdirilendir:
Üpjünçilik howpsuzlygy: Sebit ýokary tehnologiýaly koreý senagaty üçin zerur bolan strategik ähmiýetli mineral serişdelerine we seýrek duş gelýän ýer metallaryna örän baýdyr. Ählumumy durnuksyzlyk şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň dostlukly gatnaşyklary olary ygtybarly hyzmatdaşlara öwürýär.
Infrastruktura ösüşi: Sebitiň ösüp barýan ykdysadyýetleri ýokary ösüş depginini görkezýär. Bu iri koreý korporasiýalary üçin gurluşyk, maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalary we gaýtadan işleýän senagat pudaklarynda uly mümkinçilikleri açýar.
Häzirki wagtda taraplaryň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň möçberi heniz hem çäkli bolmagynda galýar. Geçen ýylyň jemlerine görä, Günorta Koreýanyň Merkezi Aziýanyň bäş döwleti bilen umumy haryt dolanyşygy takmynan 10 milliard ABŞ dollaryna barabar boldy.
Şol bir wagtyň özünde, Seulyň söwda dolanyşygynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň eýeleýän orunlary deň däl: Gazagystan 39-njy, Özbegistan 58-nji orunda bolsa, Türkmenistan 145-nji orny eýeleýär. Koreýaly bilermenleriň pikirine görä, muňa esasy päsgel berýän sebäpler çylşyrymly logistika şertleri hem-de ulag infrastrukturalarynyň özara baglanyşygynyň pes derejededigidir.
Bu ýagdaýy gowulandyrmak maksady bilen, Günorta Koreýanyň degişli edaralary ýylyň ikinji ýarymynda giň gerimli gözleg işine başlar. Seulda ýerleşýän Merkezi Aziýanyň bäş ýurdunyň ilçihanalarynyň üsti bilen her bir döwletiň anyk ykdysady zerurlyklary düýpli öwreniler.
Hyzmatdaşlygyň täze mehanizmlerini ornaşdyrmak çeýe çemeleşmäni talap eder. Seul umumy sebit derejesindäki köptaraplaýyn hyzmatdaşlyk düzümini döretmek bilen, “bäşlige” girýän her bir döwlet bilen aýratyn taslamalary ösdürmegiň arasynda deňagramlylygy tapmaly bolar. Şeýle hem, ýurtlaryň ykdysady şertleriniň biri-birinden ep-esli tapawutlanýandygy göz öňünde tutular.
Günorta Koreýanyň Maliýe ministrliginiň wekilleriniň bellemegine görä, Merkezi Aziýa bilen gatnaşyklary pugtalandyrmak ýurduň uzak möhletleýin ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Bu bolsa koreý işewürlerine Ýewraziýanyň iň geljegi uly bazarlarynyň birinde berk orun eýelemäge mümkinçilik berer.






