HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň senagat pudaklarynyň ýylyň birinji ýarymyndaky görkezijileri

Iýul 11, 2026 | 09:10 |5623
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde diňe bir makroykdysady görkezijileriň däl, eýsem önümçilik pudaklarynyň hem durnukly ösüş gazanandygy bellenildiTürkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde diňe bir makroykdysady görkezijileriň däl, eýsem önümçilik pudaklarynyň hem durnukly ösüş gazanandygy bellenildi
Çeşme: orient.tm

Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde diňe bir makroykdysady görkezijileriň däl, eýsem önümçilik pudaklarynyň hem durnukly ösüş gazanandygy bellenildi. Esasy pudaklara gözegçilik edýän wise-premýerler 2026-njy ýylyň ýanwar–iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat berdiler hem-de ýylyň ikinji ýarymy üçin ileri tutulýan wezipeleri kesgitlediler.

Nebitgaz toplumy we geologiýa

Ýangyç-energetika toplumynda meýilnamalar üstünlikli ýerine ýetirildi. «Türkmennebit» döwlet konserni nebit çykarmak boýunça meýilnamany 108,3 göterim ýerine ýetirdi, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary bolsa 104,1 göterim netije gazandy.

Benzin öndürilişi meýilnama görä 116 göterime, dizel ýangyjynyň öndürilişi 111,4 göterime, çalgy ýaglarynyň öndürilişi 119,4 göterime, suwuklandyrylan gazyň öndürilişi 118,5 göterime, tebigy we ugurdaş gazyň çykarylyşy bolsa 107,6 göterime ýetirildi.

Mejlisiň dowamynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow «Türkmengeologiýa» döwlet korporasiýasynyň başlygy wezipesine Berdymyrat Amanowy belledi. Toplumyň ýolbaşçylaryna gaz eksportyny diwersifikasiýalaşdyrmagy çaltlandyrmak, «Galkynyş» ägirt uly gaz känini netijeli özleşdirmegi dowam etdirmek hem-de täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak maksady bilen geologiýa-gözleg işlerini işjeňleşdirmek tabşyryldy.

Gurluşyk, senagat we himiýa

Bu pudak boýunça meýilnama 127,9 göterim ýerine ýetirildi. Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrligi 132,7 göterim, Energetika ministrligi 106,2 göterim, Gurluşyk we binagärlik ministrligi 104,5 göterim, «Türkmenhimiýa» döwlet konserni bolsa 114 göterim netije görkezdi.

Döwlet Baştutanymyz senagat kärhanalaryny doly kuwwatynda işletmegi, gurluşyk materiallarynyň görnüşlerini giňeltmegi, şeýle hem 2026-njy ýylyň ahyrynda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen desgalaryň hiline we möhletlerine berk gözegçilik etmegi tabşyrdy.

Söwda, dokma senagaty we hususy pudak

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi haryt dolanyşygynyň ösüş depginini 108,8 göterime ýetirdi. Dokma önümleriniň öndürilişi 106,3 göterim, «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň girdejileri bolsa 107,4 göterim artdy. Döwlet haryt-çig mal biržasy 146 sany birža söwdasyny geçirip, 15,3 müňden gowrak şertnamany hasaba aldy.

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary hem ýokary ösüş depginini saklap, azyk we oba hojalyk önümleriniň öndürilişini 9 göterim, senagat önümleriniň öndürilişini bolsa 10,3 göterim artdyrdylar.

Hormatly Prezidentimiz içerki bazary ýerli önümler bilen has-da üpjün etmegiň, şeýle hem importyň ornuny tutýan täze önümçilikleri döretmekde hususy pudagyň mümkinçiliklerinden netijeli peýdalanmagyň möhümdigini nygtady.

Ulag we aragatnaşyk

Ulag-aragatnaşyk toplumynda ýerine ýetirilen işleriň ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy.

Hyzmatlar pudagynda iň ýokary ösüş awtomobil ulagynda (+20,3 göterim) we raýat awiasiýasynda (+18,1 göterim) gazanyldy. Aragatnaşyk ulgamy 15,3 göterim, demir ýol ulgamy bolsa 6,8 göterim ösüş görkezdi. Ýük we ýolagçy gatnatmak boýunça meýilnamalar 102 göterimden ýokary ýerine ýetirildi.

Döwlet Baştutanymyz demir ýol ulgamyny döwrebaplaşdyrmagy, halkara awtomobil ýollary arkaly üstaşyr ýük dolanyşygyny artdyrmagy, şeýle hem Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň we «Balkan» gämi abatlaýyş hem-de gämi gurluşyk zawodynyň mümkinçiliklerinden doly peýdalanmagy tabşyrdy.

Agrosenagat toplumy

Oba hojalygynda şu günleriň esasy wakasy 1,4 million tonnadan gowrak bugdaý hasylynyň ýygnalmagy boldy. Umuman, toplum boýunça önümçiligiň ösüş depgini 109,8 göterime, özleşdirilen maýa goýumlaryň möçberi bolsa 135,5 göterime ýetdi.

«Türkmengallaönümleri» döwlet birleşigi 123,2 göterim, azyk senagaty bolsa 118,7 göterim ösüş gazandy. Häzirki wagtda daýhanlar bugdaýy elewatorlara daşamak bilen bir hatarda, ýerleri sürmek, oba hojalyk tehnikalaryny taýýarlamak işlerini hem alyp barýarlar. Şeýlelikde, geljek ýylyň bol hasyly üçin berk binýat döredilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026