Türkmenistanda hususy bölege berlen karzlaryň galyndysynyň möçberi 23 göterimden gowrak artdy


2026-njy ýylyň 10-njy iýulynda geçirilen Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisinde Türkmenistanyň Merkezi bankynyň başlygy Toýly Mälikow ýurdumyzyň bank edaralarynyň 2026-njy ýylyň birinji ýarymyndaky işiniň jemleri baradaky hasabaty hödürledi. Beýan edilen statistiki görkezijiler maliýe ulgamynyň milli ykdysadyýeti höweslendirmekde, telekeçilik başlangyçlaryny goldamakda we raýatlaryň durmuş şertlerini gowulandyrmakda işjeň ornunyň has-da artýandygyny görkezýär.
Berlen maglumatlara görä, 2026-njy ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, ýurdumyzyň banklary tarapyndan ykdysadyýetiň dürli pudaklaryny ösdürmek üçin goýberilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen deňeşdirilende, 7,4 göterim artdy. Şol bir wagtyň özünde döwlete degişli bolmadyk pudagy we ilaty goldamak ugrunda has ýokary ösüş gazanyldy: hususy telekeçilige berlen karzlaryň galyndysy 23,6 göterim, şahsy adamlara berlen karzlar bolsa 24,5 göterim ýokarlandy.
Döwletimiziň durmuş maksatnamalarynyň çäklerinde amala aşyrylýan ýaşaýyş jaý karzlaryň galyndysynyň möçberi hem oňyn ösüş gazandy. Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi. Bu bolsa ýurtda elýeterli ýaşaýyş jaý bazarynyň yzygiderli giňeldilýändigini tassyklaýar.






