Türkmenistanyň küştçileri ýurduň küşt taryhynda bir çempionatda gazanylan medallaryň sany boýunça milli rekord goýdy


Türkmenistanyň ýaş küştçileri gyzlaryň we oglanlaryň arasynda 8–20 ýaş derejelerinde geçirilen Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň küşt çempionatynda üstünlikli çykyş edip, ýurduň küşt taryhynda bir çempionatyň çäklerinde gazanylan medallaryň sany boýunça milli rekordy täzelediler.
Çempionat 30-njy iýundan 9-njy iýula çenli Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl kenarynda geçirildi. Oňa Gazagystandan 122, Gyrgyzystandan 188, Russiýadan 54, Täjigistandan 11, Türkmenistandan 19 we Özbegistandan 85 türgen gatnaşdy. Umumylykda alty ýurtdan 479 küştçi bäsleşdi.
Küştüň standart görnüşi boýunça ýaryşlarda türkmen türgenleri 1 altyn, 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Ýaryşlar şweýsar ulgamy boýunça 9 tapgyrda geçirildi. Her oýunçy üçin wagt gözegçiligi 90 minut we her göçüm üçin 30 sekunt goşmaça wagt boldy.
Altyn medal
U10 ýaş derejesinde Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 2-nji orta mekdebiň 4-nji synp okuwçysy Bägül Jumaýewa (reýtingi 1597, 2017-nji ýylda doglan) 8 utuk toplap, altyn medala mynasyp boldy. Şeýle hem ol reýtingini 67,6 utuk ýokarlandyrdy.
Kümüş medallar
• Annamuhammet Hommadow (reýtingi 2396), Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby hem-de Aşgabat şäherindäki ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň türgeni U20 ýaş derejesinde 6 utuk toplap, reýtingini 13,2 utuk artdyrdy.

• Lala Şöhradowa (reýtingi 2153), Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby G20 ýaş derejesinde 6,5 utuk toplap, reýtingini 6,2 utuk ýokarlandyrdy.
Bürünç medallar
• Merýem Rüstemowa (reýtingi 1585), Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň 3-nji synp okuwçysy G8 toparynda 7 utuk toplady.
• Dilber Hupbyýewa (reýtingi 1889), Daşoguz şäherindäki daşary ýurt dillerine ýöriteleşen 7-nji mekdebiň okuwçysy G12 toparynda 6,5 utuk gazandy.
• Jahan Rejepowa (reýtingi 2084), Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen mekdebiň 11-nji synp okuwçysy G16 toparynda 6 utuk bilen bürünç medala eýe boldy.

Annamuhammet Hommadow bilen Merýem Rüstemowa ýaryşyň dowamynda altyn medal ugrunda öňdeligi eýeläp geldiler. Şeýle-de bolsa, Hommadow deň utuk toplan gazagystanly garşydaşyndan diňe goşmaça görkezijiler boýunça yza galyp, kümüş medala mynasyp boldy. Merýem Rüstemowa bolsa soňky aýgytlaýjy duşuşykdaky ýeňliş sebäpli altyn medaldan mahrum boldy. Şeýle hem Türkmenistanyň ýene iki wekili goşmaça görkezijiler boýunça dördünji orny eýelediler.
Ýaryşlaryň netijeleri bilen: https://s3.chess-results.com/tnr1448625.aspx?lan=11&art=27&fed=TKM&turdet=YES&flag=30&SNode=S0 arkaly tanyşyp bolar.

8-nji iýulda geçirilen blits ýaryşlarynda türkmen küştçileri 2 kümüş we 3 bürünç medal gazandylar.
Kümüş medala mynasyp bolanlar:
• Ali Ahmedow – Aşgabat şäherindäki matematika we iňlis dili okuw derslerini çuňlaşdyryp öwredýän ýöriteleşdirilen 49-njy orta mekdebiň 9-njy synp okuwçysy (U14).
• Şageldi Gurbandurdyýew – Lebap welaýatynyň Dänew etrabyndaky 31-nji orta mekdebiň 12-nji synp okuwçysy (U18).
Bürünç medal gazananlar:
• Merýem Rüstemowa (G8),

• Dilber Hupbyýewa (G12),

• Nazar Narimanow – Türkmenabat şäherindäki 41-nji ýöriteleşdirilen orta mekdebiň 7-nji synp okuwçysy (U12).
Ozal habar berlişi ýaly, rapid ýaryşlarynda hem türkmen küştçileri 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç, jemi 5 medal gazanypdylar.
Şeýlelikde, Gyrgyzystanda geçirilen rapid, standart we blits ýaryşlarynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň ýygyndysy 3 altyn, 6 kümüş we 7 bürünç, jemi 16 medal gazanyp, ýurdumyzyň küşt taryhynda bir çempionatyň çäklerinde iň köp medal gazanan milli rekordy goýdy.

Türkmenistanyň türgenleriniň çempionata gatnaşmagy Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň howandarlygynda hem-de Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň goldawy bilen guraldy.






