Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler


III Sebitleýin forumynyň çäginde Belarus bilen Özbegistan birnäçe täze ykdysady taslamalara resmi taýdan badalga berdiler. Bu taslamalaryň açylyş dabarasy iki ýurduň wise-premýerleriniň gatnaşmagynda Belarusyň «Serwolýuks» oba hojalyk holdinginiň binýadynda geçirildi.
Özbegistanyň sebitlerinde üç sany iri desga işe girizildi: Daşkent welaýatynda «Serwolýuks» guşçulyk toplumynyň birinji tapgyry, Andižan welaýatynda trikotaž matalary reňklemek we guratmak boýunça toplum, şeýle-de Fergana welaýatynda miweleri gaýtadan işlemek we şok doňdurmak sehleri.
Şol bir wagtyň özünde Minsk şäherinde Özbegistanyň Söwda öýi, «Art Soft» özbek kompaniýasynyň wekilhanasy we milli tagamlary hödürleýän «Daşkent» restorany açyldy. Şeýle hem forumyň çäginde taraplar ykdysadyýet, ylym we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekdiler.
Bu täze taslamalar Özbegistana öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge, Belarus üçin bolsa eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder. Minskde söwda öýleriniň açylmagy göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özbek önümlerini alyjylar üçin has elýeterli etmäge kömek eder.
ORIENT






