HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Belarus bilen Özbegistan oba hojalygynda we dokma pudagynda täze bilelikdäki taslamalary işe girizdiler

Iýul 10, 2026 | 16:40 |2406
III Sebitleýin forumynyň çäginde Belarus bilen Özbegistan birnäçe täze ykdysady taslamalara resmi taýdan badalga berdilerIII Sebitleýin forumynyň çäginde Belarus bilen Özbegistan birnäçe täze ykdysady taslamalara resmi taýdan badalga berdiler
Çeşme: belta.by

III Sebitleýin forumynyň çäginde Belarus bilen Özbegistan birnäçe täze ykdysady taslamalara resmi taýdan badalga berdiler. Bu taslamalaryň açylyş dabarasy iki ýurduň wise-premýerleriniň gatnaşmagynda Belarusyň «Serwolýuks» oba hojalyk holdinginiň binýadynda geçirildi.

Özbegistanyň sebitlerinde üç sany iri desga işe girizildi: Daşkent welaýatynda «Serwolýuks» guşçulyk toplumynyň birinji tapgyry, Andižan welaýatynda trikotaž matalary reňklemek we guratmak boýunça toplum, şeýle-de Fergana welaýatynda miweleri gaýtadan işlemek we şok doňdurmak sehleri.

Şol bir wagtyň özünde Minsk şäherinde Özbegistanyň Söwda öýi, «Art Soft» özbek kompaniýasynyň wekilhanasy we milli tagamlary hödürleýän «Daşkent» restorany açyldy. Şeýle hem forumyň çäginde taraplar ykdysadyýet, ylym we medeniýet ugurlary boýunça hyzmatdaşlyk etmek hakynda resminamalaryň toplumyna gol çekdiler.

Bu täze taslamalar Özbegistana öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga we täze iş orunlaryny döretmäge, Belarus üçin bolsa eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge şert döreder. Minskde söwda öýleriniň açylmagy göni söwda gatnaşyklaryny ýola goýmaga we özbek önümlerini alyjylar üçin has elýeterli etmäge kömek eder.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

Googlebook noutbuklarynyň tapgyry bilen Google kompýuter bazaryna gaýdyp gelýär

22:33 Sentýabr 22, 2026
Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

Hindistan RISC-V arhitekturasy esasynda özüniň Vihaan-I çipini döretdi

22:28 Sentýabr 22, 2026
«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

«Oskar» baýragynyň eýesi Ben Kingsli bilen Özbegistan baradaky film Ispaniýadaky festiwalda altyn baýraga mynasyp boldy

22:11 Sentýabr 22, 2026