Daşoguz welaýatynyň gallaçy babadaýhanlary bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamany ýerine ýetirdiler


6-njy iýulda, duşenbe güni Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow tarapyndan sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatynyň esasy habary ýurduň demirgazyk sebitiniň babadaýhanlarynyň zähmet üstünligi boldy. Daşoguz welaýatynyň häkimi döwlet Baştutanyna sebitiň gallaçy babadaýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli we doly berjaý edendiklerini barada hasabat berdi. Prezident Serdar Berdimuhamedow welaýatyň gallaçylaryny bu zähmet üstünligi bilen tüýs ýürekden gutlap, olara geljekki işlerinde hem uly üstünlikleri arzuw etdi. Şeýle-de ol welaýatyň ýolbaşçylaryna galan hasylyň iň soňky dänesine çenli öz wagtynda ýygnalyp alynmagyny üpjün etmegi tabşyrdy.
Maslahatyň dowamynda ýurduň ähli welaýatlarynyň häkimleri we Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Taňryguly Atahallyýew galla oragynyň jemleýji tapgyry hem-de dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdiler. Häzirki wagtda ähli welaýatlarda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşalýar. Bu işler hasylyň talabalaýyk saklanylmagyny üpjün etmek maksady bilen alnyp barylýar. Şol bir wagtyň özünde geljek ýylyň hasyly üçin hem binýat döredilýär. Galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek we tekizlemek işleri alnyp barylýar, şeýle hem ýokary hilli tohumlyk däne saýlanyp alynýar.
Şol bir wagtyň özünde, ýurduň oba hojalyk toplumynda gowaça ekilen meýdanlarda ideg etmek işleri işjeň dowam etdirilýär. Meýdanlarda hatarara bejergi, ösüş suwuny tutmak we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam etdirilýär. Bu işlerde häzirki zaman oba hojalyk tehnikalary giňden ulanylýar. Içerki bazarlarda azyk bolçulygyny üpjün etmek maksady bilen, sebitlerde ýeralma we gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnapn almak üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlaryndaaly şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri alnyp barylýar. Mary welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow hasabatlary diňläp, welaýatlaryň häkimlerine hem-de degişli wise-premýere anyk tabşyryklary berdi. Döwlet Baştutany häzirki wezipeleri çözmekde toplumlaýyn çemeleşmäniň zerurdygyny belläp, ekerançylyk meýdanlarynda agrotehniki kadalaryň berk berjaý edilişini, geljekki ekiş möwsümine oba hojalyk tehnikalarynyň öz wagtynda taýýarlanylmagyny, şeýle hem 2026-njy ýylda ulanmaga berilmegi meýilleşdirilen durmuş-medeni we önümçilik maksatly desgalaryň gurluşygynyň depginini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.





