HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gurbanguly Berdimuhamedow Azerbaýjanyň ykdysadyýet ministrini kabul etdi

Iýul 08, 2026 | 11:58 |2877
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdyTürkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy
Çeşme: tdh.gov.tm

Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow 7-nji iýulda Türkmenistana sapar bilen gelen Azerbaýjan Respublikasynyň ykdysadyýet ministri Mikail Jabbarow bilen duşuşdy.

Myhman Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi we Bakuwda döwletara strategik dialogyň ýokary derejesine uly baha berilýändigini nygtady. Şeýle hem Mikail Jabbarow Türkmenistanyň durmuş-ykdysady taýdan okgunly ösüşiniň we Aşgabadyň döwrebap binagärlik keşbiniň özünde uly täsirleri galdyrýandygyny belledi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Azerbaýjanyň arasyndaky gatnaşyklaryň hoşniýetli goňşuçylyk, özara hormat goýmak we taryhy-medeni umumylyga esaslanýan berk binýatda ösdürilýändigini nygtadylar. Ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň taryhynda täze sahypany açyp, söwda-ykdysady gatnaşyklary has-da çuňlaşdyrmak üçin amatly şertleri döredýär.

Şunuň bilen baglylykda, Gurbanguly Berdimuhamedow Prezident Serdar Berdimuhamedowyň ýakynda Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyran döwlet saparynyň ähmiýetini belläp, mizemez dostlugyň nyşany hökmünde türkmen halkyna sowgat berilen «Dostluk» gämisi üçin azerbaýjan tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Duşuşykda ynsanperwer ugry boýunça hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi. Medeniýetleriň özara baýlaşmagynyň aýdyň mysaly hökmünde Baku we Genje şäherlerinde, Aşgabatda we Arkadag şäherlerinde üstünlikli geçirilen özara Medeniýet günleri görkezildi.

Ýakyn geljekde hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri ekologik gün tertibi bolar. Türkmen halkynyň Milli Lideri halkara çärä taýýarlyk işleriniň guramaçylykly geçirilýändigini nygtady we häzirki wagtda “Tebigat — ene” atly halkara çäresine işjeň taýýarlyk işleriniň alnyp barylýandygyny habar berdi.

Forum şu ýylyň şu ýylyň 19-njy oktýabry — 30-njy noýabry aralygynda Türkmenistanda geçiriler we ony Geýdar Aliýew adyndaky gazna we Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy bilelikde gurar. Bu giň gerimli başlangyç bu iki abraýly ynsanperwer guramalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy täze derejä çykarar diýlip garaşylýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026