HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleri geçirildi

Iýul 05, 2026 | 15:24 |2738
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 3-nji iýulda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdiTürkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 3-nji iýulda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde 3-nji iýulda iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň arasynda türkmen-ýapon syýasy geňeşmeleriniň nobatdaky tapgyry geçirildi. Türkmen wekiliýetine Daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa, ýapon wekiliýetine bolsa Ýaponiýanyň Daşary işler ministrliginiň Merkezi Aziýa meseleleri boýunça Ýörite wekili Işikawa Masaki ýolbaşçylyk etdi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn we sebitleýin hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny jikme-jik ara alyp maslahatlaşdylar. Bu hyzmatdaşlygyň berk binýady bolsa döwlet Baştutanlarynyň derejesindäki yzygiderli syýasy dialoga esaslanýar.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk ugrunda taraplar bilelikdäki maýa goýum taslamalarynyň durmuşa geçirilişini seljerdiler. Gazhimiýa senagaty (döwrebap ýokary tehnologiýaly toplumlaryň gurluşygy), energetika pudagy (infrastrukturalary döwrebaplaşdyrmak) hem-de ulag-logistika ulgamy (Ýewraziýa yklymyndaky üstaşyr ugurlary özara utgaşdyrmak) Aşgabat bilen Tokio üçin däp bolan ösüş ugurlary bolmagynda galýar.

Türkmenistanyň we Ýaponiýanyň ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Türkmen-Ýapon we Ýapon-Türkmen toparlarynyň utgaşdyryjy ornuna aýratyn üns çekildi. Bu toparlar täze şertnamalaryň baglaşylmagyny we tehnologiýalaryň alyş-çalşygyny öňe ilerletmekde esasy herekete getiriji güýç hökmünde çykyş edýär.

Duşuşyga gatnaşyjylar durnukly ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ilkinji nobatda Birleşen Milletler Guramasy ýaly abraýly halkara guramalaryň meýdançalarynda hereketleri utgaşdyrmaga taýýardyklaryny tassykladylar. Şeýle hem “Merkezi Aziýa + Ýaponiýa” dialogynyň çägindäki amaly hyzmatdaşlyga aýratyn üns berildi.

Ynsanperwer gatnaşyklar babatda taraplar akademiki alyş-çalyşlary dowam etdirmäge, bilelikdäki ylmy-barlag işleri ösdürmäge hem-de Türkmenistanyň bilim edaralarynda ýapon dilini öwrenmek boýunça maksatnamalara mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardyklaryny beýan etdiler.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

Ýewropa iri tokaý ýangynlary bilen ýüzbe-ýüz boldy: ýylyň başyndan bäri 434 müň gektardan gowrak tokaý ýandy

20:00 Awgust 01, 2026
Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

Kongo Demokratik Respublikasynda Ebola gyzzyrmasynyň ýaýramagy sebäpli aradan çykanlaryň sany 1500-den geçdi

18:31 Awgust 01, 2026
Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

Tibet jerenleriniň gijeki durmuşy: dronlar Hohsil goraghanasyndaky görünmeýän ýaşaýyş göreşini açyp görkezdi

17:30 Awgust 01, 2026