"Balkanabat" ýod zawodynda täze önümçilik ýola goýlar


Türkmenistanyň himiýa senagaty ýerli çig mallary çuň gaýtadan işlemek arkaly eksport ugurly önümleriň görnüşini giňeldýär. Balkan welaýatyndaky «Balkanabat» ýod zawodynda daşary ýurtlarda uly isleg bildirilýän önümleri öndürmäge gönükdirilen täze döwrebap önümçiligi açmak meýilleşdirilýär.
Degişli teklip 3-nji iýulda, anna güni geçirilen Hökümetiň mejlisinde wise-premýer Baýmyrat Annamämmedow tarapyndan hödürlendi. Pudagy diwersifikasiýalaşdyrmagyň çäginde innowasion tehnologiýalary çekmek we daşary ýurtlaryň ýokary tehnologiýaly kompaniýalary bilen göni gatnaşyklary giňeltmek aýratyn ähmiýete eýe bolup durýar.
Prezident Serdar Berdimuhamedow hödürlenen taslamany goldady we himiýa senagatyny ösdürmegiň hem-de ýokary tehnologiýaly eksport önümçiliklerini döretmegiň ýurduň senagat ulgamynyň esasy ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup galýandygyny nygtady.






