Türkmenistanyň küştçileri Aziýa çempionatynyň rapid ýaryşynda 5 medal gazandy


30-njy iýundan 9-njy iýul aralygynda Gyrgyzystanyň Yssyk-Köl kenarynda oglanlaryň we gyzlaryň arasynda Merkezi we Demirgazyk Aziýanyň küşt çempionaty geçirilýär. Oňa Türkmenistandan hem ýaş küştçiler gatnaşýarlar.
Ýaryşa sebitiň bäş ýurdundan türgenler gatnaşýar: Gazagystandan 123, Gyrgyzystandan 193, Täjigistandan 11, Özbegistandan 87 we Türkmenistandan 19 küştçi.
Çempionat rapid boýunça ýaryşlar bilen başlady. Türkmen küştçileri üstünlikli çykyş edip, 2 altyn, 2 kümüş we 1 bürünç medal gazandylar.
Rapid ýaryşy Şweýsar ulgamy boýunça 7 tapgyrda geçirildi. Her oýna 10 minut wagt we her göçüm üçin goşmaça 5 sekunt berildi.
Altyn medal gazananlar:

• Merýem Rüstemowa (reýtingi 1585) – Lebap welaýatynyň 27-nji orta mekdebiniň 3-nji synp okuwçysy (2018-nji ýylda doglan). Ol 7 mümkin bolan utukdan 6 utuk toplap, halkara reýtingini 46,8 utuk ýokarlandyrdy.

• Bägül Jumaýewa (reýtingi 1597) – Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň 2-nji orta mekdebiniň 4-nji synp okuwçysy (2017-nji ýylda doglan). Ol 6,5 utuk toplap, reýtingini 97,2 utuk ýokarlandyrdy.
Kümüş medal gazananlar:

• Annamuhammet Hommadow (reýtingi 2396) – Türkmen Döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 3-nji ýyl talyby. Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt we şaşka mekdebiniň okuwçysy, tälimçi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlanýar. Ol 5 utuk toplap, reýtingini 22,8 utuk ýokarlandyrdy.
• Lala Şöhradowa (reýtingi 2153) – Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň talyby. Ol hem tälimçi Serdar Annaberdiýewiň ýolbaşçylygynda türgenleşýär we 5 utuk toplap, kümüş medala mynasyp boldy.
Bürünç medal gazanan:

• Aýýa Baýramowa (reýtingi 1920) – Lebap welaýatynyň 31-nji orta mekdebiniň 7-nji synp okuwçysy (2014-nji ýylda doglan). Ol 5,5 utuk toplap, halkara reýtingini 39,6 utuk ýokarlandyrdy.
Türkmenistanyň küştçileriniň çempionatdaky üstünlikli çykyşy ýurdumyzda ýaş küştçileri taýýarlamagyň ýokary derejesini nobatdaky gezek tassyklaýar. Türgenler çempionata Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň howandarlygynda gatnaşýarlar. Öňde olara ýene birnäçe ýaryş garaşýar we olar öz mümkinçiliklerini görkezmäge dowam ederler. Ýaryşyň netijeleri Chess-Results resmi saýtynda neşir edildi.




