Keniýanyň täze ilçisi Türkmenistanda diplomatik wezipesine girişdi


1-nji iýulda Aşgabatda Keniýa Respublikasynyň täze diplomatik wekiliniň Türkmenistandaky işine başlamagy mynasybetli resmi çäreler geçirildi. Täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçi Jonah Maina Mwangi (oturýan ýeri Tähran şäheri) Türkmenistanyň Mejlisinde we Daşary işler ministrliginde duşuşyklary geçirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy boýunça Mejlisiň Başlygy Dünýägözel Gulmanowa keniýaly diplomatdan ynanç hatyny kabul etdi. Mejlisiň Başlygy myhmany ýurdumyzyň içerki we parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasatynyň esasy ugurlary, Mejlisiň düzümi hem-de häzirki kanun çykaryjy işi bilen tanyşdyrdy. Öz gezeginde, Jonah Maina Mwangi Türkmenistanyň Prezidentine Keniýanyň Prezidenti Uilýam Samoi Ruto adyndan mähirli salamyny ýetirdi. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklary işjeňleşdirmegiň iki ýurduň hem uzak möhletleýin bähbitlerine laýyk gelýändigi barada bir pikire geldiler.

Şol gün Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde ilçi ýurdumyzyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowa bilen duşuşdy we özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy. Gepleşikleriň dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň geljegi, şeýle hem şertnama-hukuk binýadyny giňeltmegiň mümkinçilikleri jikme-jik ara alnyp maslahatlaşyldy. Aşgabat bilen Naýrobiniň hyzmatdaşlygy üçin uly mümkinçilikleriň bardygy bellenilen esasy ugurlar hökmünde energetika, oba hojalygy, ulag ulgamy we dokma senagaty görkezildi.

Daşary işler ministrligindäki duşuşykda halkara giňişliginde, ilkinji nobatda bolsa BMG-niň çägindäki hyzmatdaşlygy utgaşdyrmak meselelerine hem garaldy. Türkmen tarapy Keniýa Respublikasyna Türkmenistanyň başlangyjy bilen döredilen Parahatçylygyň, howpsuzlygyň we durnukly ösüşiň ugrunda Bitaraplygyň dostlary toparyna goşulmagy teklip etdi. Mundan başga-da, diplomatlar ylym-bilim, medeniýet we sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça geljekki ädimleri hem kesgitlediler.






