HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Amerikaly bariton Pensilwaniýada türkmen romanslaryny ýerine ýetirer

Iýul 04, 2026 | 12:00 |28
Yklymlary birleşdirýän medeni köprüler käwagt örän täsin görnüşde gurulýar. 17-nji iýulda ABŞ-da «Vocal Poetry» («Wokal şygryýeti») atly özboluşly konsert geçiriler. Pensilwaniýa ştatynda amerikaly diňleýjiler türkmen nusgawy saz sungaty bilen tanyşarlar. 22 ýaşly amerikaly bariton Zeýwier Beýts meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň wokal tapgyryny ýerine ýetirerYklymlary birleşdirýän medeni köprüler käwagt örän täsin görnüşde gurulýar. 17-nji iýulda ABŞ-da «Vocal Poetry» («Wokal şygryýeti») atly özboluşly konsert geçiriler. Pensilwaniýa ştatynda amerikaly diňleýjiler türkmen nusgawy saz sungaty bilen tanyşarlar. 22 ýaşly amerikaly bariton Zeýwier Beýts meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň wokal tapgyryny ýerine ýetirer
Çeşme: «Dutaryň owazlary» gaznasy

Yklymlary birleşdirýän medeni köprüler käwagt örän täsin görnüşde gurulýar. 17-nji iýulda ABŞ-da «Vocal Poetry» («Wokal şygryýeti») atly özboluşly konsert geçiriler. Pensilwaniýa ştatynda amerikaly diňleýjiler türkmen nusgawy saz sungaty bilen tanyşarlar. 22 ýaşly amerikaly bariton Zeýwier Beýts meşhur türkmen kompozitory Nury Halmämedowyň wokal tapgyryny ýerine ýetirer.

Bu taslamanyň esasynda nesilleriň arasyndaky döredijilik dowamaty we güýçli ýerine ýetirijilik mekdebi durýar. Fortepiano partiýasyny Nury Halmämedow adyndaky «Dutaryň owazlary» Moskwanyň halkara sungat festiwalynyň ýeňijisi, türkmen konsertmeýsteri Roza Baýmyradowanyň şägirdi Bahar Annadurdyýewa ýerine ýetirer. Konsert Keystone Music Academy tarapyndan onuň direktory Andreý Lýubimsewiň goldawy bilen guralýar.

Şu güýzde Monkler uniwersitetiniň magistraturasyna okuwa dowam etmäge taýýarlanýan hem-de häzirki wagtda Wolfgang Amadeý Mosartyň The Magic Flute («Jadyly tüýdük») operasynda çykyş etmäge taýýarlyk görýän ýaş aýdymçy Zeýwier Beýts üçin türkmen saz dili uly täsir galdyrdy. Ol Nury Halmämedowyň çylşyrymly wokal eserlerine düşünmäge we olary çuňňur duýmaga ýardam edendigi üçin Bahar Annadurdyýewa tüýs ýürekden hoşallyk bildirýär.

turkmen-romances-khalmamedov-rachmaninoff-pennsylvania-concert (2).jpg

Konsertiň maksatnamasyna Sergeý Rahmaninowyň romanslary hem girizildi. Bu eserler Beýts üçin aýratyn ähmiýete eýedir. Sebäbi ol beýik rus kompozitorynyň soňky şägirdi bolan Rut Slençinskaýa bilen tanyşdy.

«Rut maňa Rahmaninowyň käte diňe bir takt üstünde işläninde şol bir kiçi tersiýany gaýta-gaýta gaýtalap bilýändigini gürrüň berýärdi. Bu waka maňa saz sungatynda iň ownuk jikme-jikliklere çenli takyklygyň nähili möhümdigini ýatladýar» diýip, Zeýwier Beýts belleýär.

Bahar Annadurdyýewa ABŞ-da türkmen nusgawy sazyny işjeň wagyz edýän zehinli sazandadyr. Häzirki wagtda ol Nury Halmämedowyň fortepiano üçin döreden saýlama eserlerini organ üçin uýgunlaşdyrmak boýunça işleýär. Mundan başga-da, şu ýylyň fewral aýynda ol Pensilwaniýada Mämet Guseýnowyň «Solomon» operasynyň temalary esasynda döreden «Parafraz» eseriniň dünýäde ilkinji gezek ýerine ýetirilmegini gurnady.

turkmen-romances-khalmamedov-rachmaninoff-pennsylvania-concert (3).jpg

Dutaryň özboluşly kwart-kwinta äheňlerinden gözbaş alýan türkmen sazy dünýäniň abraýly sahnalarynda ýaňlanmagyny dowam etdirýär. Bu bolsa hakyky sungatyň serhediniň ýokdugyny ýene bir gezek tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparyny amala aşyrdy

Gurbanguly Berdimuhamedow Tährana iş saparyny amala aşyrdy

12:17 Iýul 04, 2026
Amerikaly bariton Pensilwaniýada türkmen romanslaryny ýerine ýetirer

Amerikaly bariton Pensilwaniýada türkmen romanslaryny ýerine ýetirer

12:00 Iýul 04, 2026
Ahalteke atlary Niderlandlarda geçiriljek Ýewropanyň gözellik bäsleşigine gatnaşarlar

Ahalteke atlary Niderlandlarda geçiriljek Ýewropanyň gözellik bäsleşigine gatnaşarlar

01:46 Iýul 04, 2026