Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýygyndysy Kolumbiýada geçiriljek ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatyna gatnaşar


Türkmenistanyň agyr atletika boýunça ýetginjekler ýygyndysynyň tälimçiler topary 5–11-nji iýul aralygynda Kolumbiýanyň Kali şäherinde geçiriljek dünýä çempionatyna gatnaşjak milli ýygyndynyň soňky düzümini kesgitledi.
Milli ýygyndynyň düzümine ýedi türgen girizildi. Oglanlaryň arasynda Türkmenistana 60 kilograma çenli agram derejesinde Kerem Gurbandurdyýew we Atabek Azamatow, 65 kilograma çenli derejede Şahin Hudaýbergenow, 79 kilograma çenli agram derejesinde bolsa Dawut Kakageldiýew wekilçilik eder.
Gyzlaryň arasynda 53 kilograma çenli agram derejesinde Şabnam Kerimbaýewa we Ogulşat Amanowa, 58 kilograma çenli derejede bolsa Gülzada Berdimuhammedowa medallar ugrunda bäsleşer.
2025-nji ýylda Peruda geçirilen ýetginjekleriň arasyndaky dünýä çempionatynda Türkmenistanyň ýygyndysy üstünlikli çykyş edip, üç altyn, bir kümüş we üç bürünç medal bilen birlikde jemi ýedi medal gazanypdy.







