HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistan bilen Türkiýe deňiz gatnawlaryny we Hazar sebitindäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar

Iýul 03, 2026 | 17:40 |4587
Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen duşuşyk geçirdiTürkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen duşuşyk geçirdi
Çeşme: X sosial tory

Türkmenistanyň Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugynyň başlygy Azat Şanazarow Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammitiniň çäklerinde Türkiýäniň ulag we infrastruktura ministri Abdulkadir Uraloglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar iki ýurduň arasynda deňiz gatnawlaryny ösdürmegiň geljegini hem-de ulag-logistika ulgamyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň dowamynda gämi gatnawyny ösdürmek, port infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak we Hazar deňzi sebitindäki ulag aragatnaşyklaryny berkitmek meselelerine aýratyn üns berildi. Duşuşygyň netijeleri barada Abdulkadir Uraloglu özüniň X sosial torundaky sahypasynda habar berdi.

«Biz deňiz pudagyndaky ýakyn hyzmatdaşlygyň üsti bilen Türkiýe bilen Türkmenistanyň arasyndaky berk dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrarys» diýip, türkiýeli ministr belledi.

Türkiýäniň 5-nji Deňiz sammiti deňiz ulaglaryny, port infrastrukturasyny, gämi gatnawyny hem-de halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmegiň möhüm ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin döwlet edaralarynyň, işewür toparlaryň we pudaklaýyn guramalaryň wekillerini bir ýere jemledi.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026