Gamburgda dünýäniň energetika geçişini maliýeleşdirmegiň täze düzgünleri ara alnyp maslahatlaşyldy


Germaniýanyň Gamburg şäherinde durnukly ösüşe bagyşlanan abraýly halkara maslahat — Hamburg Sustainability Conference (HSC) geçirildi. Dünýäniň öňdebaryjy bilermenleri we syýasatçylary güýçlenýän geosyýasy ýagdaýyň hem-de maýa ýetmezçiliginiň ekologiýa taýdan arassa energiýa geçişini maliýeleşdirmegine nähili päsgelçilik döredýändigini ara alyp maslahatlaşdylar. Giň gerimli forumy Germaniýanyň Prezidenti Frank-Walter Ştaýnmaýer resmi taýdan açdy.
Maslahata gatnaşyjylar esasy mesele hökmünde maýa goýumlarynyň deňsiz paýlanyşyny görkezdiler. Häzirki wagtda maliýe serişdeleri ekologiýa özgertmelerine iň uly zerurlyk bolan sebitlere däl-de, töwekgelçiligi pes ýurtlara gönükdirilýär. Ösüp barýan ýurtlar henizem gymmat karzlar, walýuta töwekgelçilikleri we uzak möhletli maliýeleşdirmegiň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolýarlar. Geosyýasy bäsdeşligiň güýçlenýän şertlerinde döwletlere arassa tehnologiýalaryň üpjünçilik zynjyrlaryny goramak, şeýle hem wodorod energetikasy we kömürturşy gazyny tutup saklamak ýaly gymmat ugurlary ösdürmek kyn düşýär.
Maslahatyň çäklerinde Merkezi Aziýa sebitine aýratyn üns berildi. Ýörite çärede Merkezi Aziýa Howa Gaznasynyň (CACF) baş ýerine ýetiriji direktory Ýerlik Karažan çykyş edip, Merkezi Aziýanyň Gün, ýel, suw we seýrek minerallar ýaly ägirt uly tebigy mümkinçiliklere eýedigini belledi. Şeýle-de bolsa, onuň sözlerine görä, sebite töwekgelçilikleri azaltmaga we iri hususy maýadarlary çekmäge ukyply çeýe maliýe arhitekturasy zerur.
Şeýle hem Ýerlik Karažanyň ýaşyl geçiş boýunça Ýokary derejeli geňeşiň düzüminde Merkezi Aziýadan ýeke-täk wekil bolandygy bellärlikdir. Bu oňa sebitiň ekologik we ykdysady bähbitlerini dünýä derejesinde has işjeň ilerletmäge mümkinçilik berer.
ORIENT






