HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Özbek halk tansy Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi

Iýun 25, 2026 | 23:20 |4717
Andižan polkasy atly tans dünýäde milli tansyň iň köp adam tarapyndan bir wagtda ýerine ýetirilmegi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildiAndižan polkasy atly tans dünýäde milli tansyň iň köp adam tarapyndan bir wagtda ýerine ýetirilmegi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi
Çeşme: uznews

Andižan polkasy atly tans dünýäde milli tansyň iň köp adam tarapyndan bir wagtda ýerine ýetirilmegi hökmünde Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi. Ony Özbegistanyň Andižan şäherinde bir wagtyň özünde 20 müň adam ýerine ýetirdi.

Andižan polkasy özbek halk tansy we şol bir at bilen tanalýan saz eseridir. Ol çalt depgini hem-de elleriň täsirli hereketleri bilen tapawutlanýar. Ilkibaşda tansy erkekler ýerine ýetiripdirler, emma wagtyň geçmegi bilen ol zenanlaryň arasynda-da giň meşhurlyk gazandy.

Habarda bellenilişi ýaly, «Özbek milli tans sungatynyň taryhynda uly medeni waka bolup geçdi — meşhur “Andižan polkasy” tansy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabyna girizildi».

Rekord derejedäki gatnaşyjylar tansy Babur Arena stadionynda ýerine ýetirdiler.

Tansyň köpçülikleýin ýerine ýetirilmegi Andižanyň 2026-njy ýylda türki dünýäsiniň medeni paýtagty diýlip yglan edilmegi bilen bir wagtda geçirildi. Ginnesiň rekordlar guramasynyň resmi wekili çärä şahsy gatnaşyp, ähli talaplaryň doly ýerine ýetirilendigini tassyklady. Şonuň netijesinde rekord resmi taýdan hasaba alyndy.

Andižan Özbegistanyň Fergana jülgesiniň gündogarynda ýerleşýän iri dolandyryş, ykdysady we medeni merkezleriň biridir. Şäher ýurduň möhüm senagat merkezlerinden biri bolup, Merkezi Aziýanyň iň gadymy şäherleriniň hataryna girýär. Onuň taryhy takmynan 2 500 ýyl mundan ozala uzaýar we ol öz döwründe Beýik Ýüpek ýolunyň möhüm merkezleriniň biri bolupdyr.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

Suwda ýerleşýän Olimpiýa şäherçesi: «Costa Serena» 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlaryny kabul edýär

09:00 Sentýabr 17, 2026
Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

Söwda paçlarynyň netijesinde ABŞ-a garaşlylygy azaltmak üçin kanadaly öndürijiler täze bazarlary we pudaklary gözleýärler

23:00 Sentýabr 16, 2026
IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

IAEA 2060-njy ýyla çenli atom energetikasynyň üç esse artmagyny çaklaýar

21:00 Sentýabr 16, 2026