Dina Zaripowa Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» bäsleşiginde Tatarystana wekilçilik eder


Tatarystanda «Tatar gyzy» bäsleşiginiň respublikan tapgyry tamamlandy. Oňa respublikanyň dürli etraplaryndan, şol sanda Baltasy, Atnin, Agryz, Muslýum, Aktanyş, Apasty, Laiş we Tukaý etraplaryndan jemi 12 gyz gatnaşdy.
Bäsleşigiň ýeňijisi Baltasy etrabyndan Dina Zaripowa boldy. Ol şu ýyl Türkmenistanda geçiriljek «Tatar gyzy» halkara bäsleşiginiň jemleýji tapgyrynda Tatarystana wekilçilik eder.
Guramaçylaryň bellemegine görä, bäsleşikde diňe bir gatnaşyjylaryň daşky keşbi däl, eýsem olaryň döredijilik ukyplary, tatar dilini bilşi hem-de tatar halkynyň ruhy we medeni mirasyna düşünmegi hem bahalandyrylýar.
Halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyry her ýyl dürli ýurtlarda geçirilýär. Onuň geçiriljek ýeri öňki ýylyň ýeňijisiniň dogduk sebitine görä kesgitlenýär.
Geçen ýyl «Tatar gyzy» bäsleşiginiň ýeňijisi türkmenistanly Alsu Rafikowa boldy.







