Merkezi Aziýa-Koreýa formaty özara düşünişmegiň täze derejesine çykýar


ORIENT | 24-nji iýun. Duşanbede “Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy” seljeriş merkezleriniň üçinji forumy öz işini dowam etdirýär. “Dialogdan bilelikdäki herekete” atly şygar astynda geçirilýän bu çäre şu ýylyň güýzinde Seulda geçiriljek döwlet Baştutanlarynyň taryhy sammitiniň öň ýanynda garaýyşlary seljermäge gönükdirilendir.

Forumyň birinji sessiýalary ählumumy geosyýasy arhitektura we özara maýa goýumlaryna gönükdirilen bolsa, üçünji panel çekişmesi gatnaşyjylary özara düşünişmegiň düýbünden täze derejesine çykardy. Sanly özgeriş, “ýaşyl” ykdysadyýet, howa çagyryşlary we tehnologik meselelerini ýeňip geçmeklik esasy üns merkezinde boldy.

Bu sessiýanyň çäginde Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýunça ylmy merkeziniň bilermeni Bekdurdy Amansaryýew hasabat bilen çykyş etdi.
Häzirki ýagdaýy seljerip we sebitiň häzirki wagtda çalt ösýän ägirt uly mümkinçiliklerini belläp, türkmen syýasatşynasy göze görnüp duran çagyryşlary gizläp durmady. Ol Merkezi Aziýada eksportyň entägem çig mal ugrunyň saklanyp galýandygyny, serişdeleri çuňňur gaýtadan işlemegiň çäklidigini we belli bir derejede infrastrukturanyň durnuksyzlygynyň bardygyny belledi. Şu nukdaýnazardan, Koreýa Respublikasy dolandyryşyň, bilimiň we ösen tehnologiýanyň ägirt uly ykdysady güýje öwrülmeginiň özboluşly mysaly hökmünde tapawutlanýar.

Emma, Bekdurdy Amansaryýewiň pikiriçe, sebitleriň arasyndaky gatnaşyklaryň uzak möhletleýin berkligi gysga möhletleýin bähbitleriň gabat gelmeginde däl-de, eýsem ösüş modelleriniň çuňňur biri-birini doldurmagynda ýatandyr.
“Koreýa üçin Merkezi Aziýa serişde merkezi däl-de, tutuş Ýewraziýa üçin düýpli täze ykdysady geografiýany gurmakda mümkinçilikli we deňhukukly hyzmatdaşdyr” diýip, türkmen bilermeni öz çykyşynda nygtady.

“Serişdeler ykdysadyýetden” “bilim ykdysadyýetine” geçmek üçin bilermen özara hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny öz içine alýan anyk, pragmatik ädimleriň toplumyny hödürledi:
Logistika we “akylly” mobillik: Bilermen ýük daşamak üçin bitewi sanly platforma döretmegiň zerurdygyny nygtady, bu bolsa logistikadaky bölekleýinligi aradan aýyrar. Merkezi Aziýanyň multimodal geçelgelerini goňşy ýurtlaryň portlary (esasanam, Pakistanyň Karaçi we Gwadar portlary) bilen, şeýle hem Günorta Koreýanyň deňiz portlary bilen utgaşdyrylmagy Ýewraziýa ugurlaryny bir bütewi ulgama birleşdirmäge mümkinçilik berer. Koreý kompaniýalaryny ulag infrastrukturasyny dolandyrmaga we Aşgabady öz içine alýan esasy sebitleýin merkezlerde logistika merkezlerini döretmäge çekmeklik işi bu ýerde möhüm ädim bolmalydyr.
Senagat we ýangyç-energetika toplumy: Koreý tehnologiýalaryny ornaşdyrmak arkaly Merkezi Aziýanyň dokma senagat toplumyny (ýokary hilli ýerli pagta bilen işlerýär) döwrebaplaşdyrmagy çaltlandyrmak teklip edildi.
Bilermen energetika pudagynda tebigy gazy gaýtadan işlemegiň we uglerody tutýan ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagyň möhümdigini nygtady. Şeýle hem bilermen energiýa bilen üpjün edijileriniň, üstaşyr ýurtlaryň we alyjylaryň bähbitlerini goraýan BMG-niň hukuk guralyny döretmek boýunça Türkmenistanyň halkara başlangyjyny belledi.
Ekologiýa we howa: Sebitiň gurak howasyny we suw meselesini göz öňünde tutup, Bekdurdy Amansaryýew suw serişdelerini rejeli dolandyrmakda we ýerleriň zaýalanmagyna garşy göreşmekde öňdebaryjy koreý tejribelerini ornaşdyrmaga çagyrdy. Şu nukdaýnazardan, ol Türkmenistanyň Prezidentiniň Merkezi Aziýada howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit merkezini döretmek baradaky başlangyjynyň ähmiýetini nygtady.
Bilermen akwakulturany düýbünden täze we geljegi uly ugur hökmünde görkezdi. Bio serişdeleri ösdürmekde Koreýanyň tejribesi kenarýaka döwletlerinde, şol sanda Türkmenistandaky hususy kärhanalara güýçli itergi berip biler.

Çykyşyny jemläp, türkmen wekili taraplary nyrh däl päsgelçilikleri aradan aýyrmak we serhetüsti elektron söwdany işjeň ösdürmek üçin kanunçylyk we kadalaşdyryjy çäkleri yzygiderli utgaşdyrmaga çagyrdy.
Emma bilermeniň pikirine görä geljekki bileleşigiň esasy binýady adam serişdeleri — bilelikdäki ylmy barlaglar, talyp alyş-çalyşlary we döredijilik pudaklary bolmalydyr.

Bilermen Seulda geçiriljek sammitiň diňe gazanylan netijeleriň berkidilmegi däl, eýsem Merkezi Aziýa we Günorta Koreýa dünýä sebitara hyzmatdaşlygynyň düýpli täze modelini hödürläp biljek uzak we geljegi uly ýoluň başlangyjy boljakdygyna ynanýar.








