HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

OpenAI ChatGPT-ni tizleşdirmek üçin Jalapeño atly ilkinji AI çipini döretdi

Iýun 25, 2026 | 19:34 |1114
OpenAI kompaniýasy Broadcom bilen hyzmatdaşlykda emeli aň üçin özüniň ilkinji ýöriteleşdirilen prosessoryny — Jalapeño (“Halapenýo”) atly çipini hödürlediOpenAI kompaniýasy Broadcom bilen hyzmatdaşlykda emeli aň üçin özüniň ilkinji ýöriteleşdirilen prosessoryny — Jalapeño (“Halapenýo”) atly çipini hödürledi
Çeşme: gazeta.ru

OpenAI kompaniýasy Broadcom bilen hyzmatdaşlykda emeli aň üçin özüniň ilkinji ýöriteleşdirilen prosessoryny — Jalapeño (“Halapenýo”) atly çipini hödürledi. Bu ädim ChatGPT döredijisiniň daşarky enjam üpjün edijilere garaşlylygyny azaltmaga we öz doly tehnologiýa stek ulgamyny döretmäge mümkinçilik berýär.

Täze çipiň esasy wezipesi — inferensi, ýagny AI hyzmatlarynda ulanyjylaryň gündelik soraglaryny gaýtadan işlemäge degişli prosesi çaltlaşdyrmakdyr. Jalapeño ASIC görnüşli çiplere degişlidir. Nvidia-nyň umumy maksatly grafiki prosessorlaryndan tapawutlylykda, bu täze enjam OpenAI-nyň aýratyn wezipeleri üçin optimizirlenendir. Bu bolsa önümçiligi has arzan, işleýşini bolsa has netijeli edýär.

Prosessory döretmek üçin hyzmatdaşlara dokuz aý gerek boldy. Bu döwürde OpenAI-nyň inženerleri hasaplaýyş ulgamynyň uly bölegini özleri tasladylar we ony çip bilen birleşdirdiler. Kompaniýanyň ýolbaşçylary bu enjamy “intellekt prosessory” diýip atlandyrýarlar we onuň neýro torlaryň tizligini, ygtybarlylygyny we elýeterliligini ýokarlandyrjakdygyny belleýärler.

Çarşenbe güni OpenAI Jalapeño-nyň ilkinji fiziki nusgasyny aldy. Täze prosessorlaryň kompaniýanyň maglumat merkezlerine ornaşdyrylmagy 2026-njy ýylyň ahyryna meýilleşdirilýär.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026