Balkan welaýatyndaky Medeniýet hepdeliginiň ikinji güni


Türkmenistanyň günbatar sebitinde Medeniýet hepdeleginiň çäreleri dowam edýär. Döredijilik çäresiniň ikinji güni welaýatyň birnäçe iri ynsanperwer we bilim meýdançalaryny birleşdirdi. Irden Gyzylarbat etrabyndaky medeniýet merkezinde “Hatyrasy belent halypalar” atly aýdym-sazly döredijilik duşuşygy geçirildi.
Maksatnama ýurduň taryhynda öçmejek yz galdyran milli medeniýetiň görnükli işgärleriniň mirasyna bagyşlandy. Guramaçylar Baýram şahyryň, Türkmenistanyň halk artistleri Sary Garryýewiň, Giçgeldi Amanowyň, şeýle hem Türkmenistanyň at gazanan bagşysy Baýramguly Aýjanowyň köpugurly döredijiligine aýratyn üns berdiler. Häzirki zaman sazandalarynyň we bagşylarynyň ýerine ýetirmeginde Baýram şahyryň goşgulary esasynda döredilen nusgawy şeýle-de häzirki zaman folklor eserlerini ýerine ýetirdiler.
Günüň çäreleri Türkmenbaşy şäherinde dowam etdi. Türkmenbaşydaky nebiti gaýtadan işleýän zawodlar toplumynyň medeni-sport toplumynda “Sanly ulgamyň mümkinçiliklerini ulanmak arkaly döwrebap okatmagyň usulyýeti” atly maslahat geçirildi. Foruma gatnaşyjylar ýurduň ýokary okuw mekdeplerinde täze dersleriň girizilmeli meselelerini, zähmet bazarynyň özgermegini we milli ykdysadyýetiň esasy pudaklary üçin zerur bolan hünärmenleri taýýarlamakda çeýe bilim maksatnamalarynyň döredilmegini ara alyp maslahatlaşdylar.
Günüň ikinji ýarymynda çäreleriň merkezi Balkanabat şäherine geçdi. Bu ýerde ýurduň ýaş şahyrlarynyň gatnaşmagynda edebiýat agşamy geçirildi. Agşamky maksatnamany bolsa Nebitçiler medeniýet köşgüniň sahnasynda geçirilen Balkan we Daşoguz welaýatlarynyň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti has-da gözelleşdirdi.

Hepdeligiň ikinji gününiň çäreleri Balkan welaýatynyň Beýik Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky döwlet drama teatrynda “Bedew rowaýaty” atly sahna oýnunyň görkezilişi bilen jemlendi. Küştdepdiniň gaýtalanmajak öwüşginleri siňdirilen spektaklda ahalteke bedewleriniň owadanlygy çeper wasp edilýär.







