“BRASS evening” – dünýä nusgawy we jaz sazynyň ajaýyp agşamy Aşgabadyň saz söýüjilerini bir ýere jemlär


ORIENT | Medeniýet. Şu ýylyň 27-nji iýunynda, şenbe güni, paýtagtymyzyň nepis sungatyň muşdaklaryna ajaýyp saz çäresi garaşýar. Bu çäre “Arkaç” söwda-dynç alyş merkezindäki Iş Nokady koworking merkeziniň döwrebap meýdançasynda geçiriler. “BRASS evening” (iňlis dilinden terjime edilende “mis” diýmegi aňladýar) atly konsert maksatnamasy tutuşlygyna misden ýasalan üflenip çalynýan saz gurallarynyň asylly, güýçli we şol bir wagtyň özünde näzik owazyna bagyşlanýar.
Guramaçylar diňleýjilere mylaýym tomus agşamynyň özboluşly we täsirli atmosferasyny sowgat etmegi wada berýärler. Bu ýerde üflenip çalynýan saz gurallarynyň ussatlyk bilen ýerine ýetirilen owazlary deprek sazlary bilen sazlaşykly utgaşyp, diňleýjilere türkmen nusgawy sazynyň ajaýyp eserlerini, meşhur jaz eserlerini hem-de dünýä estradasynyň iň gowy hitlerini hödürlär.
“Mis sazlarynyň agşamy” atly bu konsertiň köpugurly repertuary iň talapkär saz söýüjileriň hem göwnünden turar. Maksatnamada Nury Halmämedowyň çuňňur manyly eserleri, “Summertime”, “Take Five”, “Autumn Leaves”, “All of Me”, “Feeling Good” we “Sway” ýaly öçmejek jaz nusgawy eserleri, şeýle hem “Libertango”, “La Cumparsita” we “Bésame Mucho” ýaly joşgunly tans sazlary ýerine ýetiriler.
Agşama aýratyn joşgun berjek eserleriň arasynda “New York, New York”, “Can’t Take My Eyes Off You”, “Venus” ýaly meşhur kompozisiýalar, “Aladdin” kinofilminiň söýlüp diňlenýän saundtrekleri hem-de döwrebap “Brooklyn” eseri hem bar.
Bu giň gerimli sazly maksatnamany öz işiniň ussatlary hökmünde tanalýan türkmen sazandalary – Döwran Gylyjow (trombon), Babaguly Goşaýew (truba), Meýlis Ataýew (truba), Maksat Akmyradow (waltorna), Ismail Atakow (tuba) we Resul Çaryýew (deprek saz gurallary) ýerine ýetirerler.
Konsertiň başlanjak wagty – 19:00.
Goşmaça maglumat almak we petekleri satyn almak üçin şu telefon belgilerine ýüz tutup bilersiňiz: 72-45-12, 26-69-17, 51-41-57, +993 (63) 46-71-77, +993 (64) 03-74-56.









