Türkmenistan we Bütindünýä banky milli makroykdysady hasapçylyk ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça taslamany işe girizdiler


Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komiteti bilen Halkara täzeleniş we ösüş bankynyň adyndan Bütindünýä bankynyň Topary tölegli esasda maslahat beriş hyzmatlaryny almak barada Ylalaşyk baglaşdy. 2026–2027-nji ýyllar üçin göz öňünde tutulan bu resminama gol çekilmegi, şu ýylyň dowamynda Aşgabatda Bütindünýä bankynyň Merkezi Aziýa boýunça sebit direktorynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetler bilen geçirilen bilermenler geňeşmeleriniň jemleýji netijesi boldy.
Ikitaplaýyn taslama ýurdumyzyň statistika ulgamyny toplumlaýyn kämilleşdirmäge, maglumatlary ýygnamagyň innowasion sanly platformalaryny ornaşdyrmaga hem-de milli makroykdysady görkezijileri ählumumy utgaşdyryş ulgamyna takyk integrasiýa etmäge gönükdirilendir.
Ylalaşygyň çäklerindäki tehniki ýardamyň esasy ugry Türkmenistanyň 2025-nji ýylyň martynda Nýu-Ýorkda, BMG-niň Statistika komissiýasynyň 56-njy sessiýasynda tassyklanan MHU-2025 (Milli hasaplar ulgamy — 2025) iň täze halkara statistika standartyna geçmegi bolar. Bilelikdäki işler milli hasaplar ulgamyny ýöretmek we jemi içerki önümi hasaplamak ugrundaky milli mümkinçilikleri düýpli berkitmäge şert döreder.

Bu işe çekilen halkara bilermenler ýöriteleşdirilen amaly gollanmalary işläp taýýarlamaga, nyrh pudagyna gözegçilik etmek üçin harytlaryň we hyzmatlaryň barlanylan saýlama sanawlaryny emele getirmäge ýardam ederler, şeýle hem Türkmenistanyň Statistika baradaky döwlet komitetiniň hünärmenlerine satyn alyp bilijilik ukybynyň paritetini (SBU-paritetini) hasaplamagyň öňdebaryjy usullaryny öwretmek boýunça okuw maslahatlaryny geçirerler.
Edaranyň sanly döwrebaplaşdyrylmagynyň möhüm bölegi, öý hojalyklaryny we işçi güýji bazaryny barlagdan geçirmekde adaty kagyz hasapçylygyndan doly ýüz öwürmek we kompýuterleşdirilen şahsy söhbetdeşlik (CAPI) usulyna geçmek durýar. Bu maksat bilen, statistika edaralarynyň iş tejribesine «SurveySolutions» atly döwrebap programma platformasy ornaşdyrylýar. Taslama ugurdaş hünärmenler üçin giň gerimli okuw maslahatlarynyň tapgyrlaryny guramagy we elektron sowalnamalaryň esasynda synag gözegçiligini geçirmegi göz öňünde tutýar.
Ylalaşygyň üstünlikli durmuşa geçirilmegi milli statistikanyň ygtybarlylygyny, aýdyňlygyny we dessinligini düýpli ýokarlandurmaga mümkinçilik berer hem-de dünýäniň ykdysady jemgyýetçiligini Türkmenistanyň ösüşi baradaky ýokary takyklykly we deňeşdirip bolýan makroykdysady maglumatlar bilen üpjün eder.








