HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Gündogaryň ajaýyp eserleri Namanganda: III Halkara Makom sungaty forumy badalga alýar

Iýun 23, 2026 | 16:36 |1101
2026-njy ýylyň 23–26-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde III Halkara Makom sungaty forumy geçiriler2026-njy ýylyň 23–26-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde III Halkara Makom sungaty forumy geçiriler
Çeşme: yuz.uz

2026-njy ýylyň 23–26-njy iýuny aralygynda Özbegistanyň Namangan şäherinde III Halkara Makom sungaty forumy geçiriler. Her iki ýyldan bir gezek geçirilýän bu abraýly medeni çäre UNESCO we ICESCO guramalarynyň howandarlygynda guralyp, dünýäniň dürli ýurtlaryndan tanymal sazandalary, alymlary we ýerine ýetirijileri bir ýere jemlär.

Forumyň esasy maksady Gündogaryň özboluşly nusgawy saz mirasyny gorap saklamak, ösdürmek we ýaşlaryň arasynda wagyz etmek, şeýle hem halkara döredijilik gatnaşyklaryny pugtalandyrmakdan ybaratdyr diýip Yuz.uz habar berýär.

Medeniýet ministrliginiň habar bermegine görä, forumyň baý mazmunly maksatnamasy üç esasy ugra bölünýär:

• Halkara bäsleşik – wokal we instrumental toparlaryň, ýekelikde çykyş edýän aýdymçylaryň hem-de sazandalaryň bäsleşigi;

• Ylmy-amaly maslahat – däp bolan sazy häzirki zaman medeni giňişligine integrirlemek meseleleri boýunça bilermenleriň pikir alyşmalary;

• Döredijilik agşamlary – dürli ýurtlardan gelen meşhur makom ussatlarynyň ýekelikdäki konsertleri.

Bäsleşige gatnaşyjylar üçin saldamly baýrak gaznasy göz öňünde tutulandyr. Baş baýraga mynasyp bolan gatnaşyja 15 müň ABŞ dollary gowşurylar. Birinji, ikinji we üçünji orunlary eýelän ýeňijiler diplomlar, ýadygärlik heýkeljikler we degişlilikde 10 müň, 7 müň hem-de 5 müň ABŞ dollary möçberindäki pul baýraklary bilen sylaglanarlar.

Mundan başga-da, eminler tarapyndan «Iň gowy ýaş ýerine ýetiriji», «Iň gowy kompozitor» we «Iň gowy makom ussady» ýaly ýörite ugurlar boýunça ýeňijiler kesgitlener.

Däp bolan sazy söýüjiler üçin bu forum gadymy saz eserleriniň nusgalyk ýerine ýetirilişleri bilen tanyşmak üçin seýrek mümkinçilikdir. Bu çäre diňe bir täze zehinleriň dünýä sahnasyna çykmagyna ýardam bermän, eýsem sungat ulgamyndaky halkara dialogy hem täze derejä çykarar.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

2026-njy ýylyň ÝUNESKO-nyň Bütindünýä kitap paýtagty çäklerinde Rabat kitaplary seýilgählere we jemgyýetçilik ýerlerine çykarýar

22:30 Sentýabr 21, 2026
Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

Türkmenistanly emeli aň startapy SalamMotion Startup World Cup bäsleşiginiň San-Fransiskodaky finalyna ýollanma aldy

21:13 Sentýabr 21, 2026
Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

Fransiýanyň döwlet bergisi 2026-njy ýylda rekord derejä — 119,3% JIÖ-e ýeter

21:00 Sentýabr 21, 2026