HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Parižde geçirilen ÝUNESKO-nyň Assambleýasynda türkmen wekiliýeti mirasy goramagy ynanyşmagyň binýady diýip atlandyrdy

Iýun 21, 2026 | 22:31 |1996
Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Halkara forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdyPariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Halkara forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy
Çeşme: mfa.gov.tm

Pariž şäherindäki ÝUNESKO-nyň ştab-kwartirasynda Maddy däl medeni mirasy goramak boýunça 2003-nji ýylyň Konwensiýasyna gatnaşyjy döwletleriň 11-nji Baş Assambleýasy geçirildi. Halkara forumyň işine Türkmenistanyň wekiliýeti gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň ýanyndaky Hemişelik wekili Maksat Çaryýew, ÝUNESKO-nyň işleri barada Türkmenistanyň Milli toparynyň jogapkär sekretary Çynar Rustemowa, Daşary işler ministrliginiň esasy hünärmenleri hem-de taryhy-medeni mirasy goramak ugrunda işleýän milli bilermenler girdi.

Pariž maslahatlaşmalaryň dowamynda dünýäniň dürli ýurtlaryndan gelen wekiller 2003-nji ýylda kabul edilen Konwensiýanyň düzgünleriniň iş ýüzünde ýerine ýetirilişi, halkara hyzmatdaşlygynyň mehanizmlerini döwrebaplaşdyrmak we maddy däl medeni mirasy goramagyň ählumumy ulgamyny pugtalandyrmak bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Gatnaşyjylar Hökümetara komitetiň we Sekretariatyň soňky iki ýylda alyp baran işleri boýunça hasabatlaryna garadylar. Mejlisiň dowamynda Maddy däl medeni miras gaznasynyň serişdelerini netijeli paýlamak meselesine aýratyn üns berildi. Bu serişdeler medeni köpdürlüligi goramaga gönükdirilen maksatnamalary goldamak hem-de ösüp barýan döwletleriň mümkinçiliklerini berkitmek üçin grantlar görnüşinde ulanylýar.

Türkmenistanyň wekiliýeti Aşgabadyň ÝUNESKO-nyň esasy ýörelgelerine ygrarlydygyny tassyklady. Çykyşlarda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň ýolbaşçylygynda ýurdumyzda türkmen halkynyň özboluşly däp-dessurlaryny çuňňur öwrenmek, aýawly goramak we giňden wagyz etmek boýunça yzygiderli döwlet syýasatynyň durmuşa geçirilýändigi bellenildi.

Türkmen tarapy maddy däl medeni mirasy goramagy halklaryň arasynda özara düşünişmegi, medeniýetara dialogy we ynanyşmagy pugtalandyrmagyň möhüm şerti hökmünde görýändigini nygtady. Parižde geçirilen Baş Assambleýanyň işine Türkmenistanyň wekiliýetiniň işjeň gatnaşmagy ýurdumyzyň adamzat ähmiýetli ynsanperwer gymmatlyklary ilerletmek ugrunda halkara derejedäki tagallalara goşýan saldamly goşandynyň nobatdaky subutnamasy boldy.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

Ankarada NATO-nyň 36-njy sammiti başlandy, howpsuzlyk çäreleri güýçlendirildi

18:00 Iýul 07, 2026
Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

Fujifilm retro stiline bolan gyzyklanmanyň artmagy bilen täze bir gezek ulanylýan foto enjamlaryny çykarýar

13:25 Iýul 07, 2026
Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

Türkmenistanyň ilçisi Saud Arabystanynyň Ylmy merkeziniň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

13:00 Iýul 07, 2026