Azerbaýjana döwlet sapary, täze senagat kuwwatlyklary – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň mejlisinden


Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow 20-nji iýunda, şenbe güni Ministrler Kabinetiniň mejlisini geçirdi. Wise-premýerler döwlet durmuşynyň esasy ugurlary, ýangyç-energetika toplumynyň infrastrukturalaryny döwrebaplaşdyrmak, bank ulgamynda sanly standartlary ornaşdyrmak we möhüm halkara çärelerine taýýarlyk görmek barada hasabat berdiler.
Mejlisiň esasy syýasy habary wise-premýer, daşary işler ministri Raşid Meredowyň Türkmenistanyň Prezidentiniň Azerbaýjan Respublikasyna amala aşyrjak döwlet saparyna görülýän taýýarlyk baradaky hasabaty boldy.
Şu güne çenli iki döwletiň şertnamalaýyn-hukuk binýady 124 resminamany öz içine alýar, özara haryt dolanyşygy bolsa durnukly ösüşi görkezýär. Ýokary derejedäki gepleşikleriň täze tapgyrynyň Aşgabadyň we Bakunyň energetika, aragatnaşyk hem-de üstaşyr ulag geçelgeleri ulgamyndaky strategik hyzmatdaşlygyny hil taýdan täze derejä çykarjakdygyna garaşylýar. Prezident Serdar Berdimuhamedow saparyň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmek boýunça DIM-niň ýolbaşçysyna anyk tabşyryklary berdi.
Nebitgaz toplumy boýunça şol sanda Türkmenistanyň Prezidentiň «Türkmennebit» döwlet konsernine Hazar deňziniň türkmen böleginde ýerleşýän ygtyýarlandyrylan toplumlary özleşdirmek boýunça Malaýziýanyň «Petronas Çarigali (Türkmenistan) Sdn. Bhd» kompaniýasy we «Hazarnebit» döwlet kärhanasy bilen ylalaşyk baglaşmaga ygtyýar berýän Kararynyň ýerine ýetirilişi barada wise-premýer Guwanç Agajanow hasabat berdi.
Şeýle hem himiýa senagatyny we ýeňil senagaty ösdürmek üçin möhüm çözgütler kabul edildi. Bu ýerder gürrüň «Türkmenhimiýa» döwlet konserniniň düzüminde ýerli çig maldan eksporta niýetlenen, ýokary hilli we ekologik taýdan arassa duzlary öndürýän häzirki zaman tehnologik önümçilikleri döretmek barada boldy. Haly fabriklerini çig mal bilen bökdençsiz üpjün etmek üçin «Türkmenhaly» döwlet birleşiginiň «Argaç» ýüň egriji kärhanasyny tehnologik taýdan kämilleşdirmek boýunça taýýarlanylan teklip makullandy.
«Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2026 – 2028-nji ýyllar üçin Konsepsiýasyny» ýerine ýetirmegiň çäklerinde wise-premýer Hojamyrat Geldimyradow Döwlet daşary ykdysady iş bankyny döwrebaplaşdyrmagyň taslamasyny hödürledi. Bank halkara maliýe standartlaryna laýyk gelýän täze programma üpjünçiligini we elektron hyzmatlaryny ornaşdyrýar.
Ulag ulgamynda wise-premýer Batyr Annaýew demir ýol ulaglarynyň maddy-tehniki binýadyny berkitmek boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi. Ýerli nebit önümlerini daşamakda ösýän islegleri kanagatlandyrmak üçin içeri ýol ugurlarynyň geçirijilik ukybyny ýokarlandyrmak baradaky teklipler makullandy.
Oba hojalygynda esasy üns galla orany möwsümine gönükdirildi. Wise-premýer Taňryguly Atahallyýew bugdaý hasylyny gysga wagtda ýygnap almak we bugdaý öndürijiler bilen döwlete tabşyrylan hasyl üçin hasaplaşyklary geçirmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, welaýatlarda gowaça ideg etmek işleri, Daşoguz we Lebap welaýatlarynda şalynynyň, Mary welaýatynda bolsa gant şugundyrynyň ekişi dowam edýär.
Döwlet Baştutany «Türkmenistanda eneleriň we çagalaryň saglygyny goramak boýunça «Sagdyn ene – sagdyn çaga – sagdyn geljek» atly 2026–2030-njy ýyllar üçin Milli maksatnamasyny» tassyklamak hakyndaky Karara gol çekip, keselleriň öňüni almagy we lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmagy maksat edinýär. Bu maksatnama tutuş ýurt boýunça giň gerimli pediatriýa we öňüni alyş çärelerini öz içine alýar.







