Syýasatdan daşary futbol barada — Merkezi Aziýanyň watançylyk duýgusy


ORIENT | Pikir. Birbada üç ýurtda — ABŞ-da, Kanadada we Meksikada geçirilýän futbol boýunça dünýä çempionatynda birinji tapgyr tamamlanyldy. Ýer şarynyň dürli künjeklerinden gelen milli ýygynlaryndan düzülen 12 toparçanyň arasynda Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň ünsüni iň köp çekýäni K toparçasydyr. Sebäbi hut şol toparda Özbegistanyň milli ýygyndysy çykyş edýär.
I bölüm. Raýdaşlygyň fenomeni: näme üçin «Ak börilere» Aşgabatdan Almata çenli janköýerlik edýärler
Merkezi Aziýada 130-dan gowrak millet we etnos ýaşaýar. Ýöne olaryň agramly bölegi Özbegistanyň milli ýygyndysyna janköýerlik edýärler. Munuň hem özboluşly sebäbi bar – şu günki günde bu topar futbol taryhynda ilkinji gezek dünýä çempionatyna gatnaşmagy başaran Merkezi Aziýadaky ýeke-täk topardyr.
Biziň sebitimizde milli ýygyndylar ýa-da klublaýyn toparlar futbol meýdançalarynda duşuşanlarynda, olar biri-biri bilen barlyşyksyz we iň soňky minuda çenli göreşýärler. Ýöne häzir, özbek ýygyndysy FIFA-nyň arzuw edilýän Dünýä Kubogy ugrundaky bäsleşige giren mahaly, bütin Merkezi Aziýa dünýäsiniň futbol janköýerleri olar üçin tüýs ýürekden janköýerlik edýärler.
Şeýle ýagdaý diňe bir futbolda däl, eýsem başga ugurlarda hem ýüze çykýar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýada üýtgeşik bir hadysa fenomen bar. Haçan-da Türkmenistanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň ýa-da Täjigistanyň milli ýygyndylary özara oýnanlarynda, duýgular joşýar.
Bäsleşýän toparlaryň janköýerleri jedelleşýärler, alada edýärler, ýeňişlere begenip, utulyşlary bolsa gaty agyr kabul edýärler. Käwagt bu sport bäsdeşligi, hakykatdan hem, her kimiň öz artykmaçlygyny subut etmäge çalyşýan gadymy goňşuçylyk bäsleşigini ýatladýar.

Ýöne Merkezi Aziýanyň toparlarynyň diňe biri dünýä derejesine çyksa boldy, ýagdaý dessine diýen ýaly üýtgeýär. Eger sebitleýin bäsleşiklerindäki janköýerler öz milli ýygyndylaryny goldap, barlyşyksyz bäsdeş bolup durýan bolsalar, halkara derejesinde bolsa olar hyzmatdaşa öwrülýärler. Hatda ondan hem ýokarrak — sebitiň haýsy döwletiniň çykyş edýändigine garamazdan, iň wepaly janköýerlere öwrülýärler.
Munda bolsa sebitiň halklaryny we döwletlerini aýratyn Merkezi Aziýa bileleşigine birleşdirýän ýene bir özboluşly baglanyşyk bar. Bu tema sportuň çäklerinden has uzaklara çykýar we sebit bitewüligi, jemgyýetçilik psihologiýasy hem-de umumy giňişlige degişlilik duýgusynyň kemala gelmegi ýaly meselelere degişlidir.
Sebäbi Özbegistanyň milli ýygyndysyna janköýerlik etmek bilen, Merkezi Aziýanyň köp sanly ýaşaýjylary diňe bir goňşy döwleti goldamak bilen çäklenmeýärler. Belli bir manyda olar Merkezi Aziýanyň bäş döwletiniň hemmesini öz içine alýan bütin bir sebiti goldaýarlar.
Sebitiň köpçülikleýin wekilçiligi duýgusy emele gelýär. Merkezi Aziýanyň köp sanly ýaşaýjylary şeýle toparyň üstünligini umumy üstünlik hökmünde kabul edýärler. Bu syýasy ýa-da döwlet taýdan däl-de, eýsem medeni-siwilizasiýa ölçeginde bolup geçýär. Şonda: «Bular biziň sebitimiziň wekilleri — merkezi aziýalylar dünýä arenasyna çykdylar!» diýen pikir döreýär.
Hut şonuň üçin hem Özbegistanyň milli ýygyndysynyň dünýä çempionatyna çykmagy diňe bir özbek futboly üçin däl, eýsem bütin Merkezi Aziýa üçin uly waka boldy. Aşgabatdan Duşanbä, Bişkekden Almata çenli millionlarça adam üçin bu ýagdaý sport üstünlikleriniň diňe bir milli çäklerden daşa çykyp biljekdiginiň we umumy sebit buýsanjyna öwrülip biljekdiginiň subutnamasy boldy.
Bu ýerde syýasy tarapyň hiç hili diýen ýaly ýokdugy aýratyn gyzyklydyr. Dünýäniň köp beýleki sebitlerinden tapawutlylykda, futbol köplenç syýasy jedelleriň dowamyna öwrülýär, bu ýagdaýda biz başga bir prosesi görýäris. Merkezi Aziýa ýurtlarynyň adamlary özbek ýygyndysyny döwlet ýa-da haýsydyr bir gurama çagyrandygy üçin däl-de, eýsem tebigy ýagdaýda goldaýarlar.
Özboluşly «Merkezi Aziýa watançylygy» kemala gelýär — bu syýasy taslama ýa-da döwlet üstüniň bir pikiri däl-de, eýsem emosional ýakynlyk we degişlilik duýgusydyr. Ony ýönekeý formula bilen aňlatmak bolar: sebit meýdançasynda biz bäsdeşler, dünýä arenasynda bolsa — janköýerleriň bir bitewi topary.
Biz sebitara özara täsirleşmegiň esaslary hökmünde ulag geçelgeleri, energetika taslamalary, söwda we diplomatiýa barada ýygy-ýygydan gürrüň edýäris. Ýöne simwollar, emosiýalar we umumy tolgunmalar hem şolardan pes däl derejede möhümdir. Käwagt ýekeje futbol duşuşygy halklaryň biri-birini özara kabul etmegi üçin onlarça resmi çärelerden has köp zat etmäge ukyplydyr.
Şu nukdaýnazardan, dünýä çempionaty Merkezi Aziýanyň ýaşaýjylarynyň özlerini diňe bir aýratyn döwletleriň raýatlary däl-de, eýsem meňzeş taryhy, medeni baglanyşyklary we ýakyn jemgyýetçilik gymmatlyklary bolan uly sebitiň wekilleri hökmünde görüp başlaýan meýdançasyna öwrülýär.
Sebäbi şu gün Özbegistan futbol boýunça dünýä çempionatynda Merkezi Aziýanyň adyndan wekilçilik edýär. Ertir bolsa bu Gazagystan bolup biler, birigün bolsa— sebitiň başga bir döwletiniň bilelikdäki üstünligi bolar. Ýöne janköýerleriň özüni alyp barşynyň bu nusgasy eýýäm tebigy ýagdaýda kemala gelýär: sebitiň içinde — bäsdeşlik, sebitden daşarda — raýdaşlyk.
Bäsdeşlige garamazdan, Merkezi Aziýa halklarynda ýakynlyk duýgusy saklanyp galýar we bu duýgy hut goňşularyň biri uly halkara üstünlik gazanan mahaly ýüze çykýar.
II bölüm. Kannawaronyň Kolumbiýa we Portugaliýa garşy taktikasy: oýunlaryň jikme-jik seljermesi.
Ýöne sebitara raýdaşlygy baradaky oýlanmalar iň esasy soraga jogap bermezden doly bolmazdy: «Özbegistanyň ýygyndysynyň özi planetanyň iň uly futbol ýaryşyna ilkinji gezek çykyşyna näderejede taýyn boldy?»
Galyberse-de, indi janköýerleriň emosiýalaryndan göni futbol meýdançasynda bolup geçýän wakalara geçmegiň wagty geldi.
Gönüläp aýtsak: Özbegistanyň topary, oýunlaryň netijesine garamazdan, sebitiň gahrymanlary we hakyky ussatlarydyr!
Olaryň planetanyň iň güýçli toparlarynyň hataryna girmegi eýýäm uly üstünlikdir. Birinji tapgyrdaky oýun bolsa olaryň iň öňdebaryjy ýygyndylar bilen deň derejede göreşip bilýändigini subut etdi. Dünýäniň iň uly çempionatlarynyň tejribesi bolsa wagt bilen gazanylyp bilinjek zatdyr.
Galyberse-de, Özbegistanyň ýygyndysynyň garşydaşlary hem ýeterlik derejede güýçli. Şonuň üçin tälimçi Fabio Kannawaronyň ilkinji minutlardan 5-3-2 taktikasy boýunça dykyz goranyş guramagy doly esaslydyr. Muňa garamazdan, FIFA-nyň reýtinginde 50-nji ýeri eýeleýän Özbegistanyň milli ýygyndysy dünýä çempionatynyň final tapgyrlarynyň futbol romantigi we doly debýutanty ýaly göründi.
Tejribeli tälimçiniň öňde goýan maksadyna görä, ýygyndy topar çuňňur guralan goranyşa garamazdan, wagtynda hüjüme geçip biljek ýaş oýunçylara bil baglady. Şübhesiz, Özbegistanyň ýygyndysy ýaşlar çempionatyndan bäri bile oýnap, biri-birini gowy duýýan iň zehinli oýunçylar nesline eýedir.
Dogry, başda Kolumbiýa ýaly ýeterlik derejedäki garşy oýunda goranyş hereketlerinde sowukganlylygyň ýetmezçiligi öz täsirini görkezdi. Topar üçin uly göwreli, fiziki taýdan güýçli we çalt garşydaşlara garşy başabaş göreşmek aňsat düşmedi.
Ýeňlişe garamazdan, özbekler ikinji taýmda özlerini görkezdiler. 60-njy minutda geçirilen gol bolsa gyzykly pursatyny yzyna getirdi we Özbegistanyň tejribeli toparlaryň goragyndan geçmäge ukyplydygyny subut etdi. Ilkinji tolgunmalar sebäpli utulandyklaryna garamazdan, özbekler batyrgaý futboly üçin el çarpmalara mynasyp boldular. Kolumbiýa bolsa mundialyň gizlin faworiti derejesini tassyklar, arassa oýun görkezip, pragmatik ýagdaýda ýeňiş gazandy.

Biziň toparymyz garşydaşyň jerime meýdançasynyň töwereginde gowy kombinasion oýny görkezýän wagty, kolumbiýalylar seýrek çemeleşmelerden maksimum peýdalandylar. Olar goranyşdaky iň kiçi pozision ýalňyşlyklar üçin hem debýutantlary rehimsiz jezalandyrdylar we ýokary tizlikleri bilen gapdallary dargatdylar.
Özbegistanly oýunçylaryň artykmaçlyklaryna olaryň abraýly garşydaşdan gorkman, ýokary pressing we topa gözegçilik bilen batyrgaý oýnamaga synanyşandyklaryny hem bellemek bolar. Kolumbiýalylar bolsa goranyşdan hüjüme tarap gowy işlenilen çalt hüjüme bil baglap, oýny bilkastlaýyn garşydaşyna berdiler.
Portugaliýanyň Kongo DR bilen garaşylmadyk deňme-deňligi (1:1) we Özbegistanyň Kolumbiýadan ýenilmegi iki tälimçini hem ilkinji meýilnamalaryny üýtgetmäge mejbur eder. Fabio Kannawaro Portugaliýa bilen Kolumbiýa garşy bolşy ýaly açyk futbol oýnamak synanyşygynyň agyr utulyş bilen gutaryp biljekdigine gowy düşünýär.
K toparçadaky ikinji tapgyryň özara duşuşygynyň öňisyrasynda, Özbegistanyň hem-de Portugaliýanyň ýygyndylary oýnuň tomaşa owadanlygynyň paýhasly taktiki konserwatizme orun bermeli bolan ýagdaýyna düşdüler. Eger özbegistanly futbolçylar meýdançanyň ähli ýerinde pressing etmekden ýüz öwrüp, Kolumbiýa garşy oýundakydan has çuňňur goranyşa geçseler we 5-4-1 formatyny ulansalar, bu doly özüni aklar. Şeýle çemeleşmäniň maksady portugallary oýundaky arasyndaky giňişlikden mahrum etmekdir.
Portugallardan bolsa, ilkinji tapgyrda Kongo DR-i bilen bolan oýunda goýberilen taktiki ýalňyşlyklaryny göz öňünde tutup, tejribe, tehnika we fiziki taýýarlykdaky artykmaçlyklaryny ulanmak arkaly Özbegistanyň milli ýygyndysynyň goranyşyny usullyk bilen bozmagyna garaşmalydyrys
Ýöne oýnuň hakykatda nähili boljakdygyny biz sişenbe güni, 23-nji iýunda Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da bileris.
III bölüm. Dronlar, aşhana pyçaklary we Karib rekordlary: birinji tapgyryň geň-galdyryjy wakalary
Umuman alanyňda, birinji tapgyr köp sanly gyzykly we şatlykly wakalary getirdi. Ýöne toparçalaýyn tapgyryň birinji aýlawynda esasy wakalarynyň arasynda Argentinanyň we Fransiýanyň ýygyndylarynyň düzüminde Lionel Messi bilen Kilian Mbappe ýaly ýyldyzlaryň şowly çykyşlaryny aýratyn bellemek bolar.
Bombardirleriň arasynda, garaşylyşy ýaly, alžirlileriň derwezesine jogapsyz üç topy girizen Messi öňdebaryjylygy eýeledi. Hasap şol Messiniň we Fares Şaibiniň gollarynyň netijesinde 4:1 hem bolup bilerdi, ýöne ünsli emin “ofsaýd” sebäpli ol gollary hasaba almady.

Muňa garamazdan, Messi özüniň het-triki bilen dünýä çempionatlarynda geçiren gollarynyň sanyny 16-a ýetirip, rekord goýdy we birinji orny nemes futbolçysy Miroslaw Kloze bilen paýlaşdy. ABŞ-nyň ýygyndysy hem Paragwaýy uly hasap bilen utdy (4:1), Angliýa bolsa Horwatiýadan üstün çykdy (4:2).
…Gürrüňsiz, Angliýa ähli döwürlerde hem meýdançada durnukly we gowy futbol görkezip geldi, bu bolsa olaryň bäsdeşlerine ynjalyk bermedi. Şol sebäpli ýygyndynyň ştaby ýapyk türgenleşikleri hemme ýere burnuny sokýan “futbol şpionlarynyň” gözlerinden goramak üçin dronlar toparyny hakyna tutmaly boldy.
Mundan hem erbedi, Kanzasda Angliýanyň ýygyndysynyň bazasynyň golaýynda atyşyk boldy. Ýöne näme edersiň – Amerika öz boluşy ýaly. Bagtyňa, adam pidalary bolmady. Bu bolup geçen geň wakalaryň arasynda Angliýanyň ýygyndysynyň aşpeziniň öz wagtynda ABŞ-na uçup gelip bilmändigi tas ünsden düşüp galypdy. Munuň sebäbi bolsa, onuň öz göwün söýen gymmatly aşhana pyçaklaryny hiç bir ýagdaýda goşa goýup, bagaža tabşyrmaga razy bolmandygydyr.
…Germaniýa ilkinji oýnunda Kurasao ýygyndysyny hokeý hasaby bilen derbi-dagyn edip, ýokary orunlara bolan dalaşgärligini mälim etdi. Bu döwleti kartadan tapmagy her kimiň başaryp bilmejekdigine ynanýaryn. Eger kimdir biri ol ýere syýahat etmek islese, Karib deňzindäki Kiçi Antil adalarynyň toparyna degişli bolan Şemal adalar wekilli gurluşyndan gözlesin. (Muny ýazyp alanyňyz gowy bolar, ýogsa ýadyňyzda galmaz).
Ol ýerde özara papiamento dilinde gürleşýän 150 müňden biraz gowrak kurasaoly ýaşaýar. Olar öz watandaşlaryna şeýle bir janköýerlik edýärler welin, hatda futbolçylary hem dünýä çempionatyna gatnaşmagy başardylar.
Dogrusy, Eloý Rom ýaly ady bolan şowsuz kurasaoly derwezeban, birinji tapgyryň, hatda tutuş şu çempionatyň hem özboluşly rekordyny goýmagy başardy — ol öz derwezesinden ýedi gezek topy çykarmaly boldy. Şunda derwezebanyň toparyny birnäçe gezek örän kyn ýagdaýlardan halas edendigini hem bellemek gerek. Onuň egindeşleri bolsa garşydaşyň derwezesine ýeke-täk gol urup, gahrymanlarça jogap berdiler. Netijede, nemes “futbol maşynynyň” peýdasyna 7:1 hasaby hasaba alyndy.
…Ýöne birinji tapgyryň (geljekde bolsa, mümkin, tutuş mundialyň) baş sensasiýasy — düzüminde 2010-njy ýylyň dünýä çempiony we Ýewropanyň dört gezekki çempiony diýen ýaly baýraklary bolan şöhratly Ispaniýa bilen duşuşykda golsyz deňme-deňlik gazanan, hiç kime mälim bolmadyk diýen ýaly Kabo-Werde ýygyndysy boldy. Şeýle düýbünden garaşylmadyk netije sebäpli, ispanlaryň hökman ýenjekdigine ynanyp, ekspress-goýum goýan futbol janköýerleriniň biri bir million dollaryny ýitirdi!
Gowşak toparlaryň ýokary hünärli ussatlar bilen duşuşan wagtlarynda, degişli tehnikanyň we oýun tejribesiniň ýoklugy sebäpli, köplenç rugsat berlen çäklerden çykýan usullara baş urýandyklaryny ýygy-ýygydan görmek bolýar.
Kabo-werdelileriň şübhesiz artykmaçlyklaryna bolsa olaryň meýdançadaky durnukly we nusgalyk sypaýylygyny bellemek gerek. Muňa güýçli Ispaniýa bilen bolan oýunda bary-ýogy birje gezek düzgün buzulmagy hem şaýatlyk edýär. Bu bolsa mundiallarda şeýle statistikanyň ýöredilip başlanan pursadyndan bäri toparlaýyn düzgün-tertibiň iň gowy görkezijisidir.
Birinji tapgyrda Marokko (1:1) we Ýaponiýa (2:2) bilen deňme-deň oýnap, utuk ýitiren Braziliýanyň we Niderlandlaryň ýygyndylarynyň şowsuzlyklaryny hem sensasiýalaryň hataryna goşmak bolar.
Ýapon janköýerlerine gelsek, olar bu gezek hem özlerine bellenen mümberdäki ähli hapalary arassalap, guramaçylarda we žurnalistlerde uly haýranlyk duýgusyny döretdiler.
Ýaponlar muny diňe bir öz halaýan futbolçylarynyň şowly oýny sebäpli dörän oňyn duýgularyň täsiri bilen etmediler – olar mundan öňki çempionatlarda hem öz sektorlarynda hemişe arassaçylyk ýöredýärdiler. Bu Günüň dogýan ýurdunyň syrly ýaşaýjylarynyň milli häsiýeti...
Dünýä çempionatynyň birinji tapgyry, ine, şular ýaly ýatda galar, ikinji tapgyryň nähili boljakdygyny bolsa ýakyn günler görkezer. Merkezi Aziýanyň millionlarça janköýerleri üçin bu diňe bir futbol baýramçylygynyň dowamy bolman, eýsem, sebitimize planetanyň esasy futbol ýaryşynda ilkinji gezek wekilçilik edýän topary goldamak üçin täze mümkinçilik bolar.
Bekdurdy AMANSARYÝEW,
Türkmenistanyň DIM-niň Halkara gatnaşyklary institutynyň Strategik barlaglar boýun ylmy merkeziniň bilermeni







