HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň aspiranty Nepesmyrat Gylyjow «GDA-nyň iň gowy talyby» diýlip ykrar edildi

Iýun 18, 2026 | 22:39 |2134
Saratow Döwlet Uniwersitetiniň (SDU) biologiýa fakultetiniň türkmenistanly aspiranty Nepesmyrat Gylyjow abraýly halkara «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldySaratow Döwlet Uniwersitetiniň (SDU) biologiýa fakultetiniň türkmenistanly aspiranty Nepesmyrat Gylyjow abraýly halkara «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy
Çeşme: sgu.ru

Saratow Döwlet Uniwersitetiniň (SDU) biologiýa fakultetiniň türkmenistanly aspiranty Nepesmyrat Gylyjow abraýly halkara «GDA-nyň iň gowy talyby» bäsleşiginiň ýeňijisi boldy. Ýaş alym giň gerimli ýaşlar taslamasynda güýçli bäsdeşlerinden öňe geçmegi başardy.

Bäsleşik «Parasat» Milli Bilim we Innowasiýalar Merkezi hem-de «Täze Gazagystan» innowasion merkezi tarapyndan guraldy. Taslamanyň esasy maksady Garaşsyz Döwletler Arkalaşygyna agza ýurtlardan zehinli, başlangyçly we liderlik ukybyna eýe bolan talyplary ýüze çykarmak, goldamak hem-de höweslendirmekden ybaratdyr. 2026-njy ýylda taslama iki müňden gowrak ýaşlar gatnaşdy. Olar ylym, sungat, sport we jemgyýetçilik işi ýaly dürli ugurlar boýunça bäsleşdiler.

Nepesmyrat Gylyjowyň gazanan ýeňşi onuň köpýyllyk netijeli zähmetiniň kanuny netijesi boldy. Ol mundan ozal SDU-nyň bakalawr we magistr derejelerini tapawutly gutarypdy. 2024-nji ýylda bolsa Russiýanyň abraýly baýragynyň sebit tapgyrynda «Ýylyň daşary ýurtly talyby» diýen ada mynasyp bolupdy.

Häzirki wagtda ýaş alym ylmy iş bilen işjeň meşgullanýar, birnäçe ýöriteleşdirilen makalalaryň awtorydyr. Şeýle-de ol türkmen talyplary üçin neşir edilen üç okuw gollanmasynyň bilelikdäki awtory bolup çykyş etdi. Mundan başga-da, ol aspiranturadaky okuwyny mekdepde biologiýa mugallymy bolup işlemegi bilen üstünlikli utgaşdyrýar. Onuň okuwçylary eýýäm sebit olimpiadalarynda baýrakly orunlary eýeleýärler.

ORIENT

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
HYTAY MASYN ATIYACLYK SAYLARY
Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

Türkmen öndürijileri «SIAL Paris» halkara sergisinde öz önümlerini hödürlediler

22:07 Oktýabr 29, 2026
Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

Putin tebigy gaz eksport edýän ýurtlary hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga çagyrdy

20:00 Oktýabr 29, 2026
Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

Hytaý Kilian Mbappeniň Hytaý baradaky sözleri üçin ötünç soramagyny nazara aldy

20:00 Oktýabr 29, 2026