OECD ýurtlarynda nebit gorlary 1990-njy ýyldaky derejä çenli azaldy: HEA ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ähtnama garamazdan näbellilikleriň dowam edýändigini duýdurýar
Ýakyn Gündogardaky dawa-jenjeliň başlanaly bäri 163 million barrel nebit ätiýaçlygy ýitirilip, ätiýaçlyklar 1990-njy ýylyň dekabryndan bäri iň pes derejä düşdi. Dünýä boýunça gözegçilik edilýän nebit ätiýaçlyklary günde ortaça 3,8 million barrel azaldy. Halkara Energetika Agentligi (HEA) 2027-nji ýylda bazarda nebit üpjünçiliginiň artykmaç boljakdygyny çaklaýar, emma Ormuz bogazynyň partlaýjy galyndylaryndan arassalanmagy we syýasy töwekgelçilikler bazaryň dikeldilmegini haýalladyp biler.
CCTV+ agentliginiň habar bermegine görä, Halkara Energetika Agentligi (HEA) çarşenbe güni ýaýradan hasabatynda Ykdysady Hyzmatdaşlyk we Ösüş Guramasyna (OECD) agza ýurtlaryň nebit ätiýaçlyklarynyň Ýakyn Gündogardaky dawa-jenjeliň başlany bäri jemi 163 million barrel azalandygyny mälim etdi. Şeýlelikde, bu ätiýaçlyklar 1990-njy ýylyň dekabryndan bäri iň pes derejesine ýetdi.
Halkara Energetika Agentliginiň (HEA) soňky aýlyk hasabatyna görä, dünýä boýunça gözegçilik edilýän nebit gorlary çaknyşyk başlany bäri günde ortaça 3,8 million barrel kemeldi. Diňe maý aýynda gorlar 143 million barrel azaldy, munuň esasy sebäbi strategik ätiýaçlyk gorlarynyň çalt ulanylmagy boldy.
Hasabatda ABŞ bilen Eýranyň arasynda şu hepde gol çekilmegine garaşylýan özara düşünişmek baradaky ähtnamanyň sebitdäki dartgynlygy azaltmak ugrunda möhüm ädimdigi bellenilýär. Bu resminama Ormuz bogazynyň gaýtadan açylmagyna we Eýranyň nebit eksportyna garşy ABŞ tarapyndan girizilen çäklendirmeleriň gowşadylmagyna ýol açyp biler.
HEA-nyň çaklamalaryna görä, dünýäniň nebit üpjünçiligi 2026-njy ýylda günde ortaça 3,9 million barrel azalyp, 102,4 million barrele çenli düşer. Şeýle-de bolsa, 2027-nji ýylda üpjünçiligiň 8 million barrel artyp, günde 110,3 million barrele ýetmegine garaşylýar. Emma Ormuz bogazynyň partlaýjylardan arassalanmagy, üstaşyr geçiş baradaky ylalaşyklar we beýleki syýasy meseleler üpjünçiligiň dikeldilmegini haýalladyp biler.
Agentligiň pikirine görä, 2027-nji ýylda dünýä bazarynda nebitiň ep-esli artykmaçlygy ýüze çykyp biler. Dünýäniň nebit islegi diňe 2 million barrel artyp, günde 105,3 million barrele ýetjek bolsa, üpjünçiligiň takmynan 8 million barrel ýokarlanyp, 110,3 million barrele çykmagyna garaşylýar. Şeýle artykmaçlyk bazardaky basyşy peseldip, ýurtlara azalan gorlaryny doldurmaga ýa-da täze strategik ätiýaçlyklary döretmäge mümkinçilik berip biler. Sebäbi olar krizise garşy energetika syýasatyna täzeden garaýarlar diýip, HEA-da bellediler.
Halkara Energetika Agentligi (HEA) 1974-nji ýylda OECD ýurtlarynyň energiýa syýasatlaryny utgaşdyrmak maksady bilen döredilen özbaşdak hökümetara guramadyr. OECD häzirki wagtda 38 ösen döwleti birleşdirýär. Ormuz bogazy dünýä nebit söwdasy üçin strategik ähmiýete eýe bolup, onuň üsti bilen dünýäniň nebit üpjünçiliginiň takmynan 20 göterimi daşalýar.
Ätiýaçlyk girlar bu ýurtlaryň krizis döwründe ulanýan strategiki gorlarydyr. Olaryň 1990-njy ýylyň derejesine çenli peselmegi şu wagtky bolup geçýän krizisiň görlüp-eşidilmedik gerime eýe bolandygyny görkezýär.
Strategik gorlaryň şeýle çalt azalmagy häzirki energiýa krizisiniň görlüp-eşidilmedik möçberini görkezýär. 163 million barrel diňe bir statistika däl, eýsem elektrik stansiýalaryna ýetmedik, uçarlary ýangyç bilen üpjün etmedik we öýleri ýylatmadyk energiýa serişdeleridir. ABŞ bilen Eýranyň arasyndaky ähtnama umyt döredýän hem bolsa, bazaryň durnuklaşmagy üçin wagt gerek bolar. Partlaýjylardan arassalamak işleri, üstaşyr ylalaşyklar we syýasy töwekgelçilikler energetika howpsuzlygynyň diňe diplomatiýa däl, eýsem sabyrlylygy hem talap edýändigini görkezýär. Şol sebäpli gorlar azalýan mahaly her bir barrel has gymmatly bolup görünýär.








