Köpetdagyň eteklerindäki seýsmiki gözegçilik halkara jemgyýetçiligine ýadro synaglarynyň gadagan edilmegine gözegçilik etmäge kömek edýär


ORIENT | Syýasat. Şu hepde Wenada, 15-17-nji iýun aralygynda, Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek barada şertnamasy guramasynyň Taýýarlyk komissiýasynyň 66-njy mejlisi geçirilýär, oňa Türkmenistanyň wekiliýeti Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Seýsmologiýa we atmosferanyň fizikasy institutynyň direktory Güljemal Çaryýewanyň ýolbaşçylygyndaky ýurdumyzyň wekiliýeti gatnaşýar.
Bu halkara forum çuňňur simwoliki taryhy tapgyra ýagny şu ýyl Şertnamanyň 1996-njy ýylda gol çekmek üçin açylmagynyň 30 ýyllygyna we Bitarap Türkmenistanyň oňa goşulmagynyň 30 ýyllygyna gabat geldi. Awstriýanyň meýdançasynda milli beýanat bilen çykyş edip, türkmen wekiliýeti Aşgabadyň ýadro ýaraglaryny ýaýratmazlygyň ählumumy ýörelgelerine berk ygrarlydygyny ýene-de bir gezek tassyklady. Şeýle-de bolsa, berk diplomatik adalgalaryň aňyrsynda, ýönekeý adamlar üçin düýbünden diýen ýaly görünmeýän, durnukly we gije-gündizleýin planetanyň seýsmiki ýagdaýyna gözegçilik edýän türkmen alymlarynyň ägirt uly gündelik ylmy zähmeti ýatandyr.
Halkara gözegçilik ulgamynyň “PS44” kod belgili, ylym dünýäsinde bolsa “Alibek” ady bilen has gowy tanalýan seýsmiki stansiýasy Türkmenistanyň dünýä howpsuzlygyna goşýan esasy tehnologiki galkany we goşandydyr. Aşgabadyň golaýyndaky geodinamik taýdan işjeň zolakda ýerleşýän bu ýokary derejedäki duýgur stansiýa bütindünýä barlag ulgamyna birleşdirilendir we ol ýer gatlagynyň iň pes akustiki hem-de seýsmiki yrgyldylaryny duýmaga, tebigy ýer titremelerini tehnogen häsiýetli emeli ýerasty sarsgylardan dessine tapawutlandurmaga ukyplydyr.

Aslynda, türkmen “Alibegi” bütin ýer şaryndaky ýüzlerçe beýleki stansiýalar bilen bir hatarda, planetada atom ýaragynyň hiç bir gizlin synagynyň ünsden düşürilmän galjakdygyna kepil geçýän duýgur elektron “gulak” hökmünde çykyş edýär. Bu tehniki mümkinçiligiň berkidilmegi we enjamlaryň üznüksiz döwrebaplaşdyrylmagy üçin Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary tarapyndan halkara tehniki sekretariatlar bilen ýakyn hyzmatdaşlykda alyp barylýar.
Bu ulgamly ylmy iş CTBTO-niň Ýerine ýetiriji sekretary doktor Robert Floýdyň golaýda Türkmenistana amala aşyran möhüm saparynyň dowamynda ýokary baha eýe boldy, bu sapar baradaky jikme-jik reportažy biziň ýörite materialymyzdan. okap bilersiňiz. Şonda türkmen paýtagtynda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ýadro ýaragsyzlanmagy meselelerindäki öňdebaryjylygyny tassyklan ýokary derejeli sebitleýin duşuşygy geçirildi, şeýle hem milli maglumatlar merkezleriniň hünärmenleri üçin ýöriteleşdirilen okuw kursy guraldy. Bilermenler gurşawynda uly seslenme döreden giň göwrümli Ýaşlar forumy bolsa sebitiň ýaş alymlary we geljekki diplomatlary üçin täze mümkinçilikleri açdy.
Türkmenistanyň şu gezekki Wena beýanaty ýurdumyzyň ählumumy parahatçylygy we durnuklylygy saklamak işinde adamzadyň dogry, ygtybarly we ýokary tehnologiki hyzmatdaşy bolup durýandygyny we şeýle bolmagynda galýandygyny ýene-de bir gezek tassyklady.








