Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

«Aýdyň Gijeler» türkmen tehnologiýa kärhanasy Daşkentde Rothschild & Co bilen hyzmatdaşlygyň ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy

Iýun 18, 2026 | 00:05 |5972
2026-njy ýylyň 16–18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan işewür toparlaryň wekillerini jemlän 5-nji ýubileý Halkara maýa goýum forumy geçirilýär2026-njy ýylyň 16–18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan işewür toparlaryň wekillerini jemlän 5-nji ýubileý Halkara maýa goýum forumy geçirilýär
Çeşme: Orient.tm

2026-njy ýylyň 16–18-nji iýuny aralygynda Daşkent şäherinde dünýäniň köp sanly ýurtlaryndan işewür toparlaryň wekillerini jemlän 5-nji ýubileý Halkara maýa goýum forumy geçirilýär. Foruma türkmen işewürliginiň wekiliýeti hem gatnaşdy.

Forumyň esasy wakalarynyň biri «Korporatiw dolandyryşyň geljegi» atly panel sessiýasy boldy. Onda Rothschild & Co kompaniýasynyň global hyzmatdaşy hem-de Merkezi we Gündogar Ýewropa boýunça ýerine ýetiriji başlygy baronessa Ariel Malard de Rotşild çykyş etdi.

Ol öz çykyşynda dolandyryş çözgütleriniň hiliniň, jogapkärçiligiň aç-açanlygynyň hem-de döwlet bähbitleri bilen täjirçilik düzgün-tertibiniň arasynda deňagramlylygyň uzak möhletli maýa goýumlary çekmegiň esasy şertleridigini aýtdy. Onuň sözlerine görä, hut şu faktorlar korporatiw dolandyryşy resmi talapdan ösüp barýan bazarlardaky kompaniýalar üçin hakyky ösüş hereketlendirijisine öwürýär.

Forumyň çäklerinde «Aýdyň Gijeler» hojalyk jemgyýetiniň baş direktory Hydyrberdi Abdyrahmanow bilen baronessa Ariel Malard de Rotşildiň arasynda duşuşyk geçirildi.

«Aýdyň Gijeler» Türkmenistanyň elektron senagatynyň öňdebaryjy kärhanalarynyň biridir. Kompaniýa 2016-njy ýylda milli elektron önümçiligini ösdürmek boýunça döwlet syýasatynyň çäklerinde döredildi we döwlet-hususy hyzmatdaşlyk modelinde işleýär. Paýnamasynyň 49 göterimi Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň adyndan döwlete, 51 göterimi bolsa hususy telekeçilige degişlidir.

Kärhana import edilýän önümleriň ornuny tutýan innowasion tehnologiýalary işjeň ornaşdyrýar hem-de Inspur Software Co., LTD, China Electronic Corporation we EastComPeace Technology Co. ýaly pudagyň öňdebaryjy kompaniýalaryny goşmak bilen, 50-den gowrak daşary ýurt guramasy bilen hyzmatdaşlyk edýär.

Söhbetdeşligiň dowamynda baronessa bilen türkmen tehnologik kärhanasynyň we Rothschild & Co bankynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň anyk ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ösüp barýan türkmen bazarynyň zerurlyklaryny hem-de halkara maliýe maslahatynyň tejribesini nazara alyp, hyzmatdaşlygyň mümkin bolan görnüşleri barada pikir alyşdylar.

Duşuşygyň netijesinde taraplar işewürlik kartlaryny alyşdylar. Bu bolsa gepleşikleri dowam etdirmek we mümkin bolan bilelikdäki ädimleri has jikme-jik işläp taýýarlamak niýetiniň bardygyny görkezýär.

Bu duşuşyk 2023-nji ýylyň sentýabrynda Parižde başlanan dialogyň dowamyna öwrüldi. Şol wagtda türkmen wekiliýetiniň Fransiýa resmi saparynyň dowamynda fransuz işewür toparlary, şol sanda Rothschild & Co bilen onlarça gepleşik geçirildi. Şonda hyzmatdaşlygyň, aýratyn-da maliýe-bank pudagyndaky geljegi uly ugurlary kesgitlenipdi.

Belläp geçsek, Rothschild & Co eýýäm sebitde iş alyp barmagyň amaly tejribesine eýedir. Bank Özbegistanda iri döwlet aktiwlerini özgertmek taslamalaryna, şol sanda «Uzbekneftegaz» kompaniýasynyň IPO-syna taýýarlyk işlerine gatnaşýar. Bu bolsa bankyň döwlet paýy bolan kärhanalar bilen işleşmek üçin zerur tejribä eýedigini görkezýär.

Туркменское технопредприятие «Айдын Гиджелер» обсудило с Rothschild & Co подходы к сотрудничеству в Ташкенте

Hydyrberdi Abdyrahmanowyň Rothschild & Co wekilleri bilen geçiren duşuşygy we soňky aragatnaşyk alyşmalary hyzmatdaşlyga bolan gyzyklanmanyň diňe döwlet derejesi bilen çäklenmän, ykdysadyýetiň hakyky pudagyndaky göni gatnaşyklara hem geçýändigini görkezýär.

Türkmenistanyň tehnologik kärhanasy bilen dünýäniň öňdebaryjy maýa goýum banklarynyň biriniň arasynda hyzmatdaşlygyň amaly ugurlarynyň ara alnyp maslahatlaşylmagy Türkmenistanyň halkara maliýe jemgyýetçiligi bilen işewür gatnaşyklarynda täze sahypany açýar.

Şeýle hem bu ýagdaý türkmen işewürliginiň strategik taslamalaryny durmuşa geçirmek üçin halkara tejribäni we maýa serişdelerini çekmek mümkinçiliklerini işjeň gözleýändigini, Rothschild & Co-nyň bolsa şeýle tekliplere garamaga hem-de uzak möhletli hyzmatdaşlygy ýola goýmaga taýýardygyny tassyklaýar.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

Ekranyň üsti bilen syýahat: Türkiýäniň kinematografik taslamalary halkara baýraga mynasyp boldy

15:40 Awgust 02, 2026
Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

Perplexity Personal Computer atly emeli aň agenti Windows ulgamy üçin elýeterli boldy

15:28 Awgust 02, 2026
Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

Fortune Global 500 reýtingi: Amazon täze lider boldy, kompaniýalaryň umumy girdejisi bolsa rekord derejä — 43 trillion ABŞ dollaryna ýetdi

15:23 Awgust 02, 2026