Türkmenistanyň aşpezlik däpleri Minskde geçirilen «Tagam diplomatiýasy» festiwalynyň ýatdan çykmajak wakalarynyň birine öwrüldi


13-nji iýunda Belarus Respublikasynyň Daşary işler ministrligi tarapyndan Minsk şäherinde guralan «Tagam diplomatiýasy» atly gastronomik festiwalyň esasy mowzugy dünýä halklarynyň aşpezlik däpleri we medeni aýratynlyklary boldy. Bu özboluşly baýramçylyk milli aşhananyň we myhmansöýerligiň kämahal resmi diplomatik protokoldan hem has düşnükli hem-de täsirli halkara dialog guraly bolup bilýändigini aýdyň görkezdi.
Köp sanly myhmanlary bir ýere jemlän gastronomik festiwala Belarusyň Daşary işler ministri Maksim Ryženkow gatnaşdy. Dünýäniň ähli yklymlaryndan 25-den gowrak döwletiň diplomatik wekilhanalary bolsa öz milli aşpezlik sungatynyň iň gowy nusgalaryny hödürlediler. Festiwalyň maksatnamasy örän baý bolup, ilçihanalaryň tematik sergilerini, aşpezleriň ussatlyk sapaklaryny, milli tagamlaryň dadylmagyny hem-de milli lybaslardan ylham alnan moda görkezilişlerini öz içine aldy.

Festiwalyň iň köp üns çekýän we täsirli bölümleriniň biri hem Türkmenistanyň ilçihanasynyň taýýarlan baý sergisi boldy. Türkmenistanyň Belarus Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Nazarguly Şagulyýew myhmanlara we diplomatik korpusyň wekillerine türkmen saçagyny şahsy özi tanyşdyryp, adaty tagamyň dadylmagyny hakyky medeni çärä öwürdi.

Türkmenistanyň milli aşhanasynyň meşhur tagamlarynyň tanyşdyrylyşy olaryň taryhy we taýýarlanyş aýratynlyklary baradaky gürrüňler bilen utgaşdy. Türkmen diplomatlary we diasporanyň wekilleri myhmanlary el işi bilen bezelen milli lybaslarda garşylap, ýurdumyzyň baý taryhy-medeni mirasyny, şeýle hem Türkmenistanyň dünýä açyklygyny we dostlukly syýasatyny görkezdi.

Türkmenistanyň 2026-njy ýylda Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyny giňden belläp geçmäge taýýarlanýandygy sebäpli, şu ýylky festiwala gatnaşmak aýratyn ähmiýete eýe boldy. Bu ýyl «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» diýen şygar bilen geçýär. Şeýle taryhy döwürde Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasynyň täsirli çykyşy ynsanperwer diplomatiýanyň ajaýyp nusgasy hökmünde çykyş etdi.
Festiwalyň myhmanlary diňe bir türkmen milli tagamlarynyň datlaryny synap görmek bilen çäklenmän, eýsem olaryň üsti bilen türkmen halkynyň ruhy dünýäsine, milli gymmatlyklaryna we häzirki durmuşyna has ýakyndan aralaşmak mümkinçiligine eýe boldular.

Medeni nukdaýnazardan «Tagam diplomatiýasy» taslamasyna gatnaşmak Türkmenistan bilen Belarusyň arasyndaky özara düşünişmegiň ýokary derejesini ýene-de bir gezek tassyklaýp, milli däpleri gorap saklamak, ösdürmek we birek-biregi olar bilen tanyşdyrmak ugrunda iki ýurduň hem gyzyklanmasynyň uludygyny görkezdi.

Türkmenistanyň Minskdäki ilçihanasy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça yzygiderli işleri alyp barýar. Şeýle ynsanperwer başlangyçlar döwletara syýasy we ykdysady hyzmatdaşlygyň umumy çägine sazlaşykly goşulýar. Geçirilen festiwal häzirki döwürde aşpezlik diplomatiýasynyň halkara gatnaşyklaryň täsirli we ýumşak güýjüne öwrülýändigini, şäherleri we ýurtlary dostluk, ýylgyryş hem-de özara düşünişmek arkaly birleşdirýändigini nobatdaky gezek subut etdi.








