HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Aşgabatda Britan Patyşasynyň doglan gününiň dabaralarynda diplomatik hyzmatdaşlyk we asyrlardan bäri dowam edip gelýän däp-dessurlar

Iýun 15, 2026 | 22:28 |6512
Patyşanyň doglan güni Britaniýada milli baýram hasaplanýar. Bu günüň dynç güni däldigine garamazdan, ol Londonyň köp sanly ýaşaýjysyny we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylary özüne çekýärPatyşanyň doglan güni Britaniýada milli baýram hasaplanýar. Bu günüň dynç güni däldigine garamazdan, ol Londonyň köp sanly ýaşaýjysyny we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylary özüne çekýär
Çeşme: orient.tm

Patyşanyň doglan güni Britaniýada milli baýram hasaplanýar. Bu günüň dynç güni däldigine garamazdan, ol Londonyň köp sanly ýaşaýjysyny we dünýäniň dürli künjeklerinden gelen syýahatçylary özüne çekýär. Adamlar Patyşany gutlamak üçin dabaraly ýörişiň geçýän ugrunda ýygnanýarlar.

Köp sanly britaniýalylar üçin bu gün diňe bir Patyşanyň şahsy baýramyny däl, eýsem, milletiň agzybirligini, däp-dessurlara we taryhy mirasa bolan hormaty aňladýar. “Trooping the Colour” («Baýdagyň çykarylmagy») atly uly göwrümdäki harby ýöriş bolsa ýurduň dabaraly belentligini görkezýän täsirli çäredir.

Londonda bu ýylyň iň ajaýyp wakalarynyň biri bolup, ol tutuş ýurdy Britan imperiýasynyň täjiniň daşyna birleşdirip, telewideniýe arkaly göni ýaýlymda görkezilýär.

Adatça gülläp oturan iýun aýynyň şenbe günleriniň birine düşýän resmi baýramçylyk senesini Patyşanyň özi saýlaýar we bu aýratynlygyň aňyrsynda örän gyzykly taryhy sebäp ýatyr.

Bu ýyl Patyşanyň islegi bilen Alyhezretleriniň doglan güni 13-nji iýun diýlip bellenildi. Türkmenistanda bu senäni Beýik Britaniýanyň ilçihanasy, şeýle hem olaryň köp sanly dostlary we kärdeşleri eýýäm ýola goýlan däbe görä, Aşgabadyň golf klubynyň gözel çäginde, açyk howada bellediler.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (2).jpg

Jenneti ýatladýan gök öwsüp oturan meýdançalar, belent Köpetdagyň etekleriniň gözelligi Bukingem köşgündäki meşhur patyşa baglarynyň ajaýyp atmosferasyny döredip, britan aristokratik mähirliligini türkmen myhmansöýerligi bilen sazlaşykly birleşdirýär.

Emma hut şol gün Türkmenistanyň paýtagtynda ir ertirden tozonly ýel turdy. Muňa doly manysynda «tupan» diýmek birneme artykmaçlyk bolsa-da, ýeliň öwüsjini bilen asmana galan «tozan örtügi» adamlaryň keýpine täsir etdi. Ýöne günortana golaý asman arassalanyp ugrady we açyk howadaky baýramçylygyň amala aşjakdygyna bolan umyt döredi.

Her näme bolsa-da, howa şertleri käbir üýtgeşmeleri girizdi. Bu barada bolsa azajyk soňra...

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (3).jpg

Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Stiwen Konlon hem-de onuň maşgalasy Ruta Konlon 13-nji iýunyň dury we asuda agşamynda onuň Alyhezretleri Patyşa Karl III-niň doglan gününiň dabaraly bellenilmegine gelen köp sanly myhmanlary garşyladylar.

Indi bolsa, adaty adamlardan tapawutlylykda, britan patyşalarynyň näme üçin iki sany doglan gününiň bardygy barada. Mälim bolşy ýaly, bu ýagdaýda hem onuň Alyhezretleriniň öz patyşalygynyň raýatlary baradaky aladasy ýüze çykypdyr.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (4).jpg

Britaniýa Patyşasynyň doglan gününiň bellenilmeginiň kökleri 1748-nji ýyla, Patyşa Georg II-niň hökümdarlyk eden döwürlerine çenli uzap gidýän çuňňur taryhy geçmişi özünde jemleýär. Hut şol wagt Beýik Britaniýada Patyşanyň hakyky doglan gününi we onuň resmi, ählihalk baýramçylyk gününi aýratyn bellenilýän özboluşly däp döräpdir.

Georg II sowuk we ýagyşly noýabr aýynda dünýä inendigi sebäpli, raýatlaryň açyk howada baýramyň lezzetini doly alyp bilmekleri üçin, resmi dabaralary gülläp oturan we güneşli iýun aýyna geçirmek baradaky paýhasly karary kabul edipdir.

Şol döwürden bäri, häzirki hökümdaryň hakyky doglan gününiň haýsy senededigine garamazdan, Britaniýa Patyşasynyň resmi doglan güni tomsuň başynda bellenilýär. Ol adatça Londondaky uly göwrümli dabaraly harby ýöriş we Beýik Britaniýanyň dünýäniň dürli künjeklerindäki diplomatik wekilhanalarynda geçirilýän dabaraly kabul edişlikler bilen utgaşdyrylýar.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (5).jpg

Aşgabatda hem şenbe agşamy bu owadan asyrlyk däpleri doly derejede şöhlelendiren diplomatik kabul edişlik bilen bellenildi.

Agşamyň myhmanlarynyň hatarynda türkmen Hökümetiniň, Daşary işler ministrliginiň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri, ýurtda akkreditirlenen daşary ýurt diplomatik wekilhanalarynyň, halkara guramalaryň ýolbaşçylary, işewürler gurşawynyň wekilleri, şeýle hem ylmyň we medeniýetiň görnekti işgärleri, sungat ussatlary, daşary ýurtly we ýerli köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri bar.

Myhmanlaryň arasynda okyjylarymyza tanyş bolan madam Göwher Güwerne hem bardy. Onuň tebigy zehini, zähmet söýerligi we kämil işjenligi halkara derejeli ýokary moda dizaýneri bolmagyna kömek etdi, bu barada ORIENT neşiri birnäçe gezek ýazypdy.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (6).jpg

Göwher (2020-nji ýyldan 2025-nji ýyla çenli Türkmenistandaky Ilçihananyň ýanyndaky Fransuz institutynyň direktory wezipesinde işlän Roman Güwerneniň aýaly) maşgalasy bilen Fransiýa göçeninden soň, Pariždäki abraýly Ýokary moda mekdebine okuwa girdi.

Ýewropanyň bu abraýly edarasynyň ýolbaşçylary onuň awtorlyk işlerine we biçüwdäki kämilligine haýran galandyklary sebäpli, mekdepde mugallym bolup işlemek teklibi hem gysga wagtyň içinde gelip gowuşdy.

Mälim bolşy ýaly, Göwher Türkmenistana diňe birnäçe günlük gelipdir we biziň duşuşygymyza örän şatdyr. Ol maşgalasynyň we çagalarynyň Aşgabatda geçiren günlerini hemişe uly mähir bilen ýatlaýandyklaryny hem-de ORIENT saýtynyň ähli okyjylaryna uly höwes bilen salam ýollaýandyklaryny aýtdy.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (7).jpg

Ilçi Stiwen Konlon özüniň gutlag sözünde Beýik Britaniýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň ýokary derejesini we durnukly häsiýetini nygtady. Ol bu gatnaşyklaryň özara hormat goýmak we ynsanperwer hem-de ykdysady dialogy giňeltmäge bolan ikitaraplaýyn gyzyklanma ýörelgelerine esaslanýandygyny belledi.

Ilçi britan patyşalyk medeniýeti bilen türkmen däp-dessurlarynyň arasynda meňzeşligi belledi. Ol Beýik Britaniýada meşhur “Royal Ascot” patyşalyk at ýaryşlarynyň geçirilýändigini belledi we atlara bolan bu söýgini Türkmenistanda bedewleriň aýak uruşlary bilen ýelden ýüwrük, okgunly çapýan ahalteke atlaryna bolan çuňňur hormat bilen deňeşdirdi.

Ýeri gelende aýtsak, Aşgabat Azerbaýjanyň Baku şäherinden tapawutlylykda, hiç wagt aýratyn şemally howasy bilen meşhur bolmandyr. Emma biziň döwrümizde howanyň üýtgemeginiň alamatlary garaşylmadyk ýagdaýda baýramçylyk dabarasyna hem täsir etdi: ýüze çykan çalaja şemal sebäpli Stiwen Konlonyň elindäki çykyş ýazylan kagyzlary uçup gitdi.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (8).jpg

Bu garaşylmadyk ýagdaýda myhmanlar diplomatik özara kömegiň ajaýyp nusgasyna şaýat boldular: britaniýaly kärdeşine gyssagly kömek berip, ýaşyl öwsüp oturan ota seçelenen kagyzlary Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Elizabet Rud hem-de BMG-niň Çagalar gaznasynyň (ÝUNISEF) Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçysy Jalpa Ratna ýygnap berdiler. Şeýle çylşyrymly pursatda olaryň zenan duýgurlygy we hünär taýdan guramaçylygy bolmazdan mümkin bolmazdy.

Şu wakadan soň, britan diplomaty hakyky iňlis sowukganlylygy bilen öz çykyşyny dowam etdirdi. Ol medeni alyş-çalyş we bilim maksatnamalaryna, şol sanda türkmen talyplaryna Beýik Britaniýanyň uniwersitetlerinde magistratura derejesinde okmaga mümkinçilik berýän döwlet talyp haklaryna aýratyn üns çekdi.

Stiwen Konlon öz çykyşynyň ahyrynda baýramçylygy paýtagtyň şeýle ajaýyp künjeginde guramaga ýardam berendigi üçin türkmen tarapyna tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.

...Dabaraly çärä gatnaşyjylary türkmen Hökümetiniň adyndan Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň ykdysady meseleler boýunça orunbasary Hojamyrat Geldimyradow mähirli gutlady.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (9).jpg

Wise-premýer çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi we onuň Alyhezretlerine, şeýle hem Birleşen Patyşalygyň ähli halkyna iň mähirli gutlaglaryny hem-de parahatçylyk, abadançylyk we mundan beýläk-de gülläp ösüş baradaky iň oňat arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Wise-premýer Hojamyrat Geldimyradowyň bellemegine görä, Aşgabat Beýik Britaniýa bilen özara hormat goýmagyň, çuňňur ynanyşmagyň we köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmäge bolan meýilleriniň sarsmaz binýadyna esaslanýan dostlukly gatnaşyklara ýokary baha berýär.

Ýurtlaryň arasynda konstruktiw syýasy dialog alnyp barylýar, söwda-ykdysady, maýa goýum, bilim we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda özara gatnaşyklar üstünlikli ösdürilýär.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (10).jpg

Wise-premýer şu ýylyň maý aýynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Birleşen Patyşalyga amala aşyran saparyny ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki zaman taryhyndaky iň möhüm waka diýip atlandyrdy.

Gurbanguly Berdimuhamedowyň Patyşa Karl III bilen bolan duşuşygynyň dowamynda taraplar gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga bolan özara ýokary gyzyklanmalaryny we uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy giňeltmäge taýýardyklaryny tassykladylar.

Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Hojamyrat Geldimyradowyň belleýşi ýaly, Türkmen-Britan söwda we senagat geňeşi işewürlik wekilleriniň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmek üçin netijeli meýdança hökmünde bu ösüşlere iş ýüzündäki goşandyny goşýar.

Türkmen tarapy Birleşen Patyşalyk bilen özara gatnaşyklary hem ikitaraplaýyn esasda, hem-de abraýly halkara guramalaryň çäginde yzygiderli ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (11).jpg

...Açyk howadaky baýramçylyga gelsek, ol hakykatdan-da täsirli, janly we ýatda galyjy boldy. Agşamyň myhmanlary Aşgabadyň asmanynyň astynda britan medeniýetiniň özboluşly atmosferasyna doly aralaşyp bildiler. Kabul edişligiň maksatnamasy nusgawy protokol kadalaryny we klubyň ýaşyl meýdançalaryndaky erkin aragatnaşygy özünde sazlaşykly jemledi.

Agşamyň dowamynda ajaýyp sazlar — owazlar we aýdymlar, şol sanda häzirki zaman meşhur sazlarynyň sarsmaz binýady bolup hyzmat edýän, hemişe ýaşap gelýän iňlis rok sazlary ýaňlandy. Ýaňlanan aýdymlar dürli žanrlarda bolup, olar örän ussatlyk bilen we özboluşly äheňde ýerine ýetirildi.

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (12).jpg

Baýramçylygyň eýeleri myhmanlara iňlis aşhanasynyň däp bolan tagamlaryny, sowuk kokteýlleri, alkogolsyz we Londonyň patyşalyk kabul edişliklerinde hödürlenilýän beýleki içgileri hödürlediler.

Bu täsirli çäre diňe bir Birleşen Patyşalygyň taryhy däplerine bolan hormaty görkezmek bilen çäklenmän, eýsem, mähirli we myhmansöýer ýagdaýda dürli ýurtlaryň wekilleriniň arasyndaky dostlukly gatnaşyklary berkitmek üçin hem ajaýyp mümkinçilige öwrüldi.

Hawa, ählumumy şatlyk we şagalaň bolsa däp bolan gutlag sözi bilen başlandy:

The King's Most Excellent Majesty!

british-embassy-ashgabat-reception-king-charles-birthday (13).jpg

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026