Eýran we ABŞ ýaraşygyň bosagasynda: gapma-garşylyklary bes etmek baradaky ähtnama ýakyn günlerde gol çekilip bilner
Taraplara jemleýji ylalaşyga 60 gün möhlet, Eýranyň çäginde uranyň baýlaşdyrylyş derejesi peselmek, daşary ýurtlardaky doňdurylan maliýe aktiwleri açmak, Ormuz bogazyndan geçiş üçin töleg alynmazlygy (diňe kadaly ýygymlar) we onuň işiniň gaýtadan dikeldilmegi — täze harby çaknyşyklardan saklanmak. Araçy — Pakistan
“CCTV+” habarlar gullugynyň berýän maglumatyna görä, Eýranyň daşary işler ministri Seýed Abbas Aragçi anna güni beren beýanatynda Amerikanyň Birleşen Ştatlary bilen gapma-garşylykly hereketleri bes etmek baradaky özara düşünişmek hakyndaky ähtnama ýakyn günlerde gol çekilip bilinjekdigini mälim etdi. «IRIB» döwlet teleradioýaýlymyna beren interwýusynda Seýed Abbas Aragçi ähtnamanyň üstündäki işler tamamlanandan soň, taraplaryň resminama öz ýurtlarynda sanly ulgam arkaly gol çekjekdiklerini we soňra muny yglan etjekdiklerini aýtdy.
Ol ähtnama gol çekileninden soňra taraplaryň hiç hili täze gapma-garşylykly hereketleri başlamazlyk barada borçnama aljakdyklaryny we 60 gün dowam etjek gepleşikleriň ikinji tapgyryna başlajakdyklaryny aýdyp, sözüniň üstüni ýwtridi. Bu tapgyryň maksady — esasan Eýranyň ýadro maksatnamasyna we sanksiýalaryň aýrylmagyna degişli bolan jemleýji ylalaşyga gelmekdir. Seýed Abbas Aragçi Tähranyň ýokary derejede baýlaşdyrylan uran bilen iş salyşmagyň ýeke-täk kabul ederlikli ýolunyň Eýranyň çäginde onuň derejesiniň peseldilmegini nygtaýandygyny aýratyn belledi.
Seýed Abbas Aragçi şeýle hem meýilleşdirilýän ähtnamanyň ähli frontlarda, şol sanda Liwanda gapma-garşylyklary bes etmek baradaky kadalary öz içine aljakdygyny we garşydaş tarapyň eýelän çäklerinden çekilmelidigini talap edýändigini aýtdy.
Ähtnamanyň beýleki esasy meseleleriniň hatarynda Ormuz bogazynyň işini gaýtadan dikeltmek, ABŞ-nyň Eýrana garşy deňiz gabawyny doly aýyrmak we Eýranyň doňdurylan maliýe serişdelerini açmak bar.Ormuz bogazy barada aýdanlarynda, Aragçi onuň dolandyrylyşynyň öňki ýagdaýa gaýdyp gelmejekdigini mälim etdi. Eýran öz özygtyýarlylygyny we harby gatnaşygyny saklap galsa-da, halkara hukugyna laýyk gelýän hukuk ulgamy dörediler. Ol bogazdan geçiş üçin aýratyn töleg alynmagyny aradan aýyrdy, emma hyzmatlar üçin alynjak ýygymlaryň kadaly boljakdygyny belledi.
Ormuz bogazy dünýäniň iň strategik ähmiýetli deňiz ýollarynyň biri bolup, dünýä nebitiniň takmynan 20%-i onuň üsti bilen geçýär. Konflikt döwründe Eýranyň bu ýoly gabamagy energiýa serişdeleriniň nyrhlarynyň birden ýokarlanmagyna sebäp boldy. Eýranyň daşary ýurt banklaryndaky doňdurylan aktiwleri (takmynan onlarça milliard dollar) sanksiýalar girizilenden soňra petiklenipdi.








