HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT habarlar portaly

Biz barada | Habarlaşmak |

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň wekiliýeti Ýaponiýada saparda boldy

Iýun 14, 2026 | 16:03 |3802
Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 10–12-nji iýun aralygynda Ýaponiýada iş saparynda boldyTürkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 10–12-nji iýun aralygynda Ýaponiýada iş saparynda boldy
Çeşme: mfa.gov.tm

Türkmenistanyň Demokratik partiýasynyň başlygy Ata Serdarowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti 10–12-nji iýun aralygynda Ýaponiýada iş saparynda boldy. Tokioda geçirilen duşuşyklaryň çäklerinde wekiliýet Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň wise-prezidenti Taro Aso, partiýanyň baş sekretary Sýuniçi Sudzuki, Ýapon-türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy Sinpeý Masusita hem-de Ýaponiýanyň Daşary işler ministriniň parlament orunbasary Arfiýa Eri bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşyklarda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň arasyndaky ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljekki ösüş ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Taraplar ýokary derejedäki yzygiderli we ynanyşmaga esaslanýan syýasy dialogyň netijesinde türkmen-ýapon gatnaşyklarynyň häzirki wagtda dürli ugurlar boýunça üstünlikli ösdürilýändigini bellediler. Şunuň bilen baglylykda, 2025-nji ýylda Tokioda geçirilen ýokary derejeli duşuşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygy has-da pugtalandyrmaga güýçli itergi berendigi aýratyn nygtaldy.

turkmenistan-democratic-party-delegation-visit-japan (1).jpg

Gepleşikleriň dowamynda parlamentara gatnaşyklary ösdürmek meselelerine hem möhüm orun berildi. Taraplar iki ýurduň kanun çykaryjy edaralarynyň arasynda döredilen dostluk toparlarynyň işine ýokary baha berip, olaryň kanunçylyk, medeni-ynsanperwer, ylym-bilim we beýleki möhüm ugurlardaky gatnaşyklary giňeltmäge goşýan goşandyny bellediler. Şeýle hem iki döwletiň öňdebaryjy syýasy partiýalarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça pikir alyşyldy. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Demokratik partiýasy bilen Ýaponiýanyň Liberal-demokratik partiýasynyň arasynda göni dialogy ýola goýmagyň we partiýalarara hyzmatdaşlygyň netijeli mehanizmini döretmegiň maksadalaýykdygy nygtaldy.

Gepleşiklerde parlamentara hyzmatdaşlygy has-da berkitmäge gönükdirilen anyk teklipler hem ara alnyp maslahatlaşyldy. Olaryň hatarynda 2027-nji ýylda Aşgabatda «Merkezi Aziýa + Ýaponiýa» dialogynyň Parlament forumyny geçirmek, zenan parlamentarileriň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek hem-de söwda-ykdysady gatnaşyklary yzygiderli giňeltmek meseleleri bar. Şol bir wagtyň özünde, ykdysady hyzmatdaşlygyň türkmen-ýapon strategik hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýandygy aýratyn bellenildi. Bu ugur nebitgaz we himiýa senagaty pudaklarynda iri bilelikdäki taslamalary üstünlikli durmuşa geçirmek arkaly ösdürilýär.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
https://atlas.com.tm/ru
Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

Kanada ABŞ-dan getirilýän harytlara 20 milliard ABŞ dollary möçberinde jogap salgytlaryny girizýär we telekeçiligi goldamak boýunça çäreler toplumyny yglan edýär

19:30 Awgust 26, 2026
Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

Aşgabat we Astana strategik hyzmatdaşlygyny çuňlaşdyrmaga ygrarlydyklaryny tassykladylar

19:10 Awgust 26, 2026
Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

Beýik Britaniýada rekord derejedäki yssy ulag ulgamyndaky meselelerini ýüze çykardy

17:00 Awgust 26, 2026