HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Hukuk pragmatizmi we ABŞ-nyň Merkezi Aziýadaky täze «ýumşak güýç» doktrinasy

Iýun 10, 2026 | 16:50 |5203
Halkara durmuşynyň häzirki depgini esasy ýerine ýetiriji şahsyýetleriň çuňňur şahsy hünär tejribesiniň nusgawy diplomatik çemeleşmeleri nähili üýtgedip bilýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy meseleleri boýunça orunbasary Sara B.Rojersiň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran saparynyň mysalynda aýdyň ýüze çykýarHalkara durmuşynyň häzirki depgini esasy ýerine ýetiriji şahsyýetleriň çuňňur şahsy hünär tejribesiniň nusgawy diplomatik çemeleşmeleri nähili üýtgedip bilýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy meseleleri boýunça orunbasary Sara B.Rojersiň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran saparynyň mysalynda aýdyň ýüze çykýar
Çeşme: orient.tm

ORIENT | Analitika, 8-nji iýun. Halkara durmuşynyň häzirki depgini esasy ýerine ýetiriji şahsyýetleriň çuňňur şahsy hünär tejribesiniň nusgawy diplomatik çemeleşmeleri nähili üýtgedip bilýändigini görkezýär. Bu ýagdaý ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň jemgyýetçilik diplomatiýasy meseleleri boýunça orunbasary Sara B.Rojersiň Günorta we Merkezi Aziýa ýurtlaryna amala aşyran saparynyň mysalynda aýdyň ýüze çykýar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasy tarapyndan guralan kabul edişlikde gysgaça çykyş edip, Sara Rojers şeýle diýdi:

«Biz, elbetde, her bir ýurduň özboluşly aýratynlyklarynyň bardygyny we olaryň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan tapawutlanýandygyny düşüňýäris. Emma biziň esasy wezipämiz — hyzmatdaşlygy ösdürmäge esas bolup biljek umumy bähbitleri, gymmatlyklary we çemeleşmeleri gözlemekdir. Amerikan we türkmen halklaryny birleşdirýän zat — öz garaşsyzlygyna, öz milletiniň we öz döwletiniň azatlygyna bolan çuňňur hormatdyr!»

usa-public-diplomacy-central-asia-sarah-rogers-tour-2026 (3).jpg

Sara Rojersiň 9-njy iýunda meýilleşdirilen wirtual metbugat brifingi bilen jemlenýän sapary, diňe bir ABŞ-nyň daşary syýasat edarasynyň meýilnamalaýyn işjeňleşmegini däl-de, eýsem Waşingtonyň jemgyýetçilik diplomatiýasy strategiýasyny durmuşa geçirmekdäki ulgamlaýyn täzelenmesini hem aňladýar.

Bu prosesiň mazmunyna düşünmek üçin, häzirki wagtda ýokary häkimiýet basgançaklarynda duran Sara Rojersiň hünärmen hökmünde kemala geliş taryhyna seretmek gerek. Onuň bu ýoly mundan ýigrimi ýyl ozal — 2003-nji ýylda Dartmut kollejinde halkara gatnaşyklary boýunça bakalawr derejesini almagy, soňra Kolumbiýa hukuk mekdebinde doktorlyk derejesini dowam etdirmegi we ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň Halkara maglumat maksatnamalary býurosynda Nelson Rokfelleriň stipendiaty hökmündäki ilkinji tejribesi bilen başlandy.

Emma onuň häzirki syýasy ýörelgesini kesgitleýän esasy görkeziji — öňdebaryjy hukuk firmalarynyň hyzmatdaşy hem-de raýat hukuklary we azatlyklary ulgamyndaky seslenmä eýe bolan işler boýunça ýöriteleşen hukuk goraýjy hökmündäki köp ýyllyk karýerasy boldy.

Amerikanyň hukuk we jemgyýetçilik ulgamynyň içinde toplanan hut şu düýpli hukuk tejribesi, şu gün halkara meýdanyna jemgyýetçilik diplomatiýasynyň täze guraly hökmünde geçirilýär. Ol institusional amallara we kanuna bolan hormata esaslanýar.

Sara Rojersiň iş tejribesinde 2024-nji ýylda ABŞ-nyň Ýokary kazyýetinde üstünlikli geçirilen iş bar. Ol ýerde Rojers Konstitusiýa girizilen Birinji düzedişe esaslanyp, kadalaşdyryjy edaralar tarapyndan bank hyzmatlaryndan mahrum edilmek ýaly kemsidiji tejribä duçar bolan adamlaryň hukuklaryny gorady.

Onuň sanly giňişlikde söz azatlygyny goramak boýunça hukuk meýdanyndaky yzygiderli işleri belli jemgyýetçilik işgärleri Daglas Makki we Çarli Kirk bilen baglanyşykly işlerde üstünlikli sud kararyna garşy şikaýatlara getirdi.

Makkiniň işinde hukuk goraýjy tagallalar syýasy satiranyň çap edilmegi sebäpli saýlaw dildüwşügi boýunça federal aýyplamalara garşy çykmaga gönükdirilen bolsa, Kirkiň hukuk goragy sanly platformalar we akademiki institutlar tarapyndan onuň uly göwrümli ýaşlar taslamalaryna garşy utgaşdyrylan senzurany ýok etmegiň töwereginde guruldy.

Çarli Kirkiniň özüniň 2025-nji ýylyň sentýabrynda Ýuta ştatynda jemgyýetçilik çykyşy wagtynda snaiper tarapyndan atylyp öldürilmegi netijesinde pajygaly ölümi, Sara Rojersiň bu hukuk goraýjy missiýasyna jemgyýetiň görlüp-eşidilmedik bölünişigi şertlerinde howpsuzlyk we azatlygynyň eldegrilmesizligi ugrundaky esasy göreş häsiýetini berdi.

Mundan başga-da, ýokary tehnologiýalar we emeli aň ulgamyndaky iri milli assosiasiýalaryň, öndürijileriň hem-de öňdebaryjy maýadarlaryň bähbitlerini goramagy, onda uly göwrümli ykdysady gyzyklanmalary goramagyň we ilerletmegiň mehanizmleri barada çuňňur düşünjäni ösdürdi.

Bu hukuk we täjirçilik pragmatizminiň bitewi logikasy, Sara Rojersiň tutuş saparynyň esasy mazmunynyň kesgitlenen ýeri bolan Günorta Aziýadan başlanan aziýa ugrunyň dowamynda yzygiderli ýüze çykdy.

Nýu-Delidäki duşuşyklaryň dowamynda amerikan wekiliýeti tehnologiki hyzmatdaşlyk, intellektual eýeçiligiň goragy we emeli aň ulgamlarynyň howpsuz ösdürilmegi ýaly meselelere ünsi çekdi, bu bolsa spikeriň döwlet işine başlamazdan ozalky tejribesi bilen gönüden-göni utgaşdy.

Nepalda bolsa, Sara Rojers Katmandu jülgesindäki üýtgeşik medeni miras desgalaryna baryp görmegi bilen bir hatarda, ýerli akademiki toparlaryň we garaşsyz sanly medianyň wekilleri bilen birnäçe netijeli çekişmeleri geçirdi. Ol bu duşuşyklarda maglumatlaryň erkin çalşylmagynyň we sanly sowatlylygyň döwrebap jemgyýetiň durnukly ösüşiniň esaslary hökmünde ähmiýetini aýratyn nygtady.

Günorta Aziýada goýlan bu binýat, amerikan tarapyna saparyň indiki tapgyry bolan Merkezi Aziýa tapgyryna eýýäm kemala gelen hem-de tehnologiki ösüşi kabul edýän döwletleriň siwilizasion özboluşlylygyna goýulýan hormat bilen utgaşdyrýan bitewi gün tertibi bilen gelmäge mümkinçilik berdi.

Bu häsiýetleriň döwletara dialog derejesinde iş ýüzüne geçirilmegi, onuň Daşkende we Aşgabada amala aşyran indiki missiýasynyň dowamynda aýdyň ýüze çykdy. Bu ýerde adaty medeni-ynsanperwer maksatnamalar netijeli ykdysady we konseptual häsiýete eýe boldy.

Özbegistanda medeniýet boýunça “C5+1” formatyndaky ministrler duşuşygynda çykyş edip, Sara Rojers milli özboluşlylygyň saklanyp galmagyny ykdysady özygtyýarlylyk we tehnologiki innowasiýalar ulgamyndaky hyzmatdaşlygy hem-de tebigy baýlyklary bilelikde özleşdirmegi öz içine alýan täjirçilik diplomatiýasynyň ösdürilmegi bilen gönüden-göni baglanyşdyrdy.

Amerikan tarapynyň çykyşlarynda sebitiň özüniň bitewi Merkezi Aziýa sebit özboluşlylygyny kemala getirmäge bolan işjeň islegi öz beýanyny tapdy — bu pikiri bu günki gün Daşkent yzygiderli öňe sürýär we “bäşligiň” beýleki paýtagtlary hem goldaýarlar.

Waşington sebitiň bu integrasion ugruna raýdaşlyk bildirýär we sebit umumylyga diňe bir abstrakt ynsanperwer taslamasy hökmünde däl-de, eýsem Merkezi Aziýany özbaşdak, bitewi we durnukly hyzmatdaşa öwrüp biljek berk geosyýasy we ykdysady sütün hökmünde garaýar.

Bu ýagdaý, sebit ýurtlarynyň işewür we intellektual toparlarynyň arasyndaky göni gatnaşyklary berkitmäge niýetlenen medeniýet boýunça “C5+1” iş topary we Medeniýet hem-de innowasiýalar forumy ýaly täze serhetüsti institutlaryň döredilmegini goldamakda özüni görkezdi.

Sara Rojersiň Samarkandyň Registan meýdançasyndaky Şerdor medresesiniň öň tarapynyň dikeldiş işleriniň tamamlanmagyna gatnaşmagy simwoliki bir ädim bolup, möhüm beýanat üçin binýat boldy: ABŞ Özbegistanyň öz mirasyny öz şertlerinde goramak we kesgitlemek hukugyny goldaýar. Bu bolsa ösýän döwletleriň medeni özbaşdaklygyna bolan hormaty alamatlandyrýar.

usa-public-diplomacy-central-asia-sarah-rogers-tour-2026 (1).jpg

Türkmenistanda diplomatiýanyň ugry şol bir netijeli çeýelik bilen uýgunlaşdyryldy: Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Medeni mirasy gorap saklamak baradaky Ilçileriň gaznasynyň ýubileýiniň bellenilmeginiň çäklerinde geçirilen gepleşikler köp ýyllyk hyzmatdaşlygyň baý tejribesine esaslandy. Bu hyzmatdaşlygyň çäginde ýurtda Merwdäki, Köne Nusaýdaky Beýik Ýüpek ýolunyň ýadygärliklerini we Änewdäki gadymy mawzoleýleri dikeltmek boýunça onlarça möhüm taslamalar üstünlikli durmuşa geçirildi.

Milli taryhy däp-dessurlara goýulýan şeýle çuňňur we anyk işler bilen berkidilen hormat, sanlylaşdyrmak, köpçülikleýin habar beriş serişdeleri we ykdysady pudaga emeli aň ulgamlaryny ornaşdyrmak ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň geljekki mümkinçilikleriniň ara alnyp maslahatlaşylmagy bilen utgaşdy.

Sara Rojersiň sapary täzelenen nusganyň çyzgylaryny görkezýär, onda jemgyýetçilik diplomatiýa ynsanperwer gymmatlyklaryň we özara täjirçilik bähbitleriniň sazlaşykly utgaşmagynyň guralyna öwrülýär.

Trampyň administrasiýasy tarapyndan onuň dalaşgärliginiň ABŞ-nyň Global mediýa agentliginiň ýolbaşçylygyna hödürlenmegi bilen, bu ýörelge aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Eger-de Senat tarapyndan tassyklansa, bu ýagdaý oňa şol pragmatiki, hukuk taýdan dogry we hormata esaslanýan çemeleşmesini ählumumy maglumat syýasatyna ornaşdyrmaga hem-de Merkezi Aziýa ýurtlary bilen dilaog üçin täze netijeli mümkinçilikleri açar.

ABŞ-nyň Türkmenistandaky ilçihanasynda Sara Rojersiň hormatyna guralan agzalan kabul edişlige dolanyp gelsek, ýurdumyzyň myhmy şeýle diýdi:

«Saparymyň çäginde men birnäçe resmi duşuşyklary, şol sanda Daşary işler ministrliginde, Medeniýet ministrliginiň wekilleri we Bilim ministri bilen duşuşyklary geçirdim. Ähli söhbetdeşlerimiziň biziň işjeň ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyza uly ähmiýet berýändiklerini nygtamaklary meni tüýs ýürekden begendirdi. Mundan başga-da, taraplar bu hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge we giňeltmäge gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar. Şu ýyl biz ikitaraplaýyn gatnaşyklarymyzyň 30 ýyllygyny belläp geçdik we geljekki ýyllarda hyzmatdaşlygymyzyň täze sepgitlere çykjakdygyna ynanmaga ähli esaslar bar».

Bekdurdy AMANSARYÝEW

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026