HabarlarMakalalarAnonsBiz baradaHabarlaşmak
Biz barada Habarlaşmak

Biziň yhlasymyz – adamlary ýakynlaşdyrmak

Habarlar
Makalalar
Anons
Biz barada
Habarlaşmak

Copyright 2017-2026 ORIENT - HABARLAR AGENSTWASY

Biz barada | Habarlaşmak |

Sanly ýadawlykdan daglara gitmän nädip gutulmaly

Maý 21, 2026 | 00:05 |5369
Häzirki zaman adamy özünde haýran galdyryjy ewolýusion ukyby ösdürdi: ol bir wagtda analitik hasabaty okap, telewizion habarlary diňläp, sesli habarlara ýa-da iş bildirişlerine jogap berip, şol bir wagtyň özünde kärdeşleri ýa-da öýdäkiler bilen gürrüň edip hem-de ýolda ýeňil naharlanyp bilýärHäzirki zaman adamy özünde haýran galdyryjy ewolýusion ukyby ösdürdi: ol bir wagtda analitik hasabaty okap, telewizion habarlary diňläp, sesli habarlara ýa-da iş bildirişlerine jogap berip, şol bir wagtyň özünde kärdeşleri ýa-da öýdäkiler bilen gürrüň edip hem-de ýolda ýeňil naharlanyp bilýär
Çeşme: stock.adobe.com

Häzirki zaman adamy özünde haýran galdyryjy ewolýusion ukyby ösdürdi: ol bir wagtda analitik hasabaty okap, telewizion habarlary diňläp, sesli habarlara ýa-da iş bildirişlerine jogap berip, şol bir wagtyň özünde kärdeşleri ýa-da öýdäkiler bilen gürrüň edip hem-de ýolda ýeňil naharlanyp bilýär. Biz bularyň hemmesini ajaýyp dolandyrýandygymyza ynanýarys, emma neýrobiologlar bize gynanç bilen seredýärler.

Oksford internet institutynyň professory Endrýu Pşibylskiý köpýyllyk barlaglarynda adam beýnisiniň sosial ulgamlaryň we emeli aň platformalarynyň döredýän maglumat akymyna fiziologik taýdan taýýar däldigini subut etdi. Beýni başga adamlaryň ýa-da emeli aň tarapyndan döredilen pikirleriň, memleriň we habarlaryň ummasyz mukdaryny işlemäge synanyşanda, adatdan daşary köpugurly iş tertibine geçýär. Munuň netijesinde bolsa dowamly ýadawlyk we gysga wideonyň dowamlylygyndan hem uzak wagtlap bir meselä üns jemlemek ukybynyň peselmegi ýüze çykýar.

Iň geň tarapy hem, biz “dynç almak” üçin başga brauzer sahypasyny açýarys-da, näme üçin agşama çenli wagon boşadan ýaly ýadandygymyza haýran galýarys. Smartfondan düýbünden ýüz öwrüp, daglara göçmek gyzykly, emma durmuşa geçirip bolmajak meýilnama bolansoň, oksfordly alymlar sanly durmuşa gündelik ýönekeý usullar arkaly uýgunlaşmagy maslahat berýärler.

Birinji we iň aňsat usul — telefondaky ekrany gara-ak reňke geçirmek. Biziň aňasty duýgymyzyň gurluşy örän ýönekeý: ol açyk we öwüşginli programma nyşanlaryny gowy görýär. Olar dofamin ulgamyna edil çaga üçin süýji ýaly täsir edýär. Emma elýeterlilik sazlamalarynda displeýi gara-ak edeniňden soň, bu “jadynyň” täsiri ýitýär — çal reňkli habarlar lentasy şeýle bir içgysgynç görünýär welin, telefony birnäçe minutdan soň özüň goýasyň gelýär.

Ikinji usul iş ýerini guramak bilen bagly bolup, “gözden uzak” diýlip atlandyrylýar. Hatda ekrany aşak bakdyrylyp goýlan smartfon hem beýniniň operatiw ýadynyň bir bölegini özüne çekmegini dowam etdirýär: aňasty pikir “belki täze habar gelendir?” diýen duýga energiýa sarp edýär. Möhüm iş wagtynda gajeti başga otaga ýa-da iň bolmanda torba salmak ünsi tebigy ýagdaýda güýçlendirýär we eliň her üç minutdan telefona uzalmagynyň öňüni alýar.

Mundan başga-da, alymlar fonda saz goýmagyň ýa-da bir wagtyň özünde messenjeri açyk saklamagyň işe kömek edýär diýen düşünjeden ýüz öwürmegi maslahat berýärler. Beýni bir wagtda iki işi ýerine ýetirmeýär — ol diňe juda ýokary tizlikde olaryň arasynda geçip, neýron serişdelerini güýçli sarp edýär.

Bir meselä anyk 45 minut bölüp, soňra bäş minutlyk arakesmede diňe çaý içip dynç almak (ekrana seretmezden) aňyň aýdyňlygyny täzeden dikeldýär.

Bu ýönekeý sanly arassaçylyk düzgünleri bir zady görkezýär: emeli aň döwründe öndürijiligi we ruhy sagdynlygy saklamak üçin hökmany suratda sanly dünýäden üzňeleşmek zerur däl — diňe beýnini maglumat “fastfudy” bilen yzygiderli doldurmagy bes etmek ýeterlikdir.

Beýleki habarlar

tmcell
TNGIZD
toyota banner
orient mobil gosyndy
orient mobile ios
Bilelik HUB
Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

Minskde Türkmenistanyň we Mongoliýanyň ilçileriniň duşuşygy geçirildi

01:47 Iýun 18, 2026
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

Türkmenistanyň başlangyjy bilen Nýu-Ýorkda BMG-niň üçünji Oýunlary açyldy

01:42 Iýun 18, 2026
Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

Türkmen küştçisi Aktobede geçirilen halkara ýaryşda zenanlaryň arasynda iň gowy netijäni görkezdi

01:38 Iýun 18, 2026