«Sungatlaryň çatrygy» taslamasy: 3D şygyryýeti. Ele alyp bolýar!


Aşgabatdaky Bäşim Nuraly adyndaky çagalar çeperçilik mekdebinde geçirilýän «Sungatlaryň çatrygy» taslamasy edebiýatyň nähili bolmalydygy baradaky düşünjäni düýbünden özgertjek täsin çäräni hödürledi. Türkmen şahyry Hemra Şirowyň «Neo-şygyryýeti» atly sergisi diňe bir goşgular ýygyndysy däl, eýsem hakyky döredijilik manifestidir.
Bu dünýäniň merkezinde bolsa şygyryýet bilen şekillendiriş sungatynyň arasynda hiç hili araçäk görmeýän adamyň döredijiligi durýar. Onuň eserlerinde bu iki sungat bir bitewi sazlaşyga öwrülip, harplary kagyzdaky ýönekeý belgilerden janly, göwrümli we öz häsiýeti bolan şekillere öwürýär.

Hemra Şirow Türkmenistanda şeýle täsin wizual gözleglere batyrgaý girişen ilkinji döredijileriň biridir. Ol žanrlaryň arasyndaky serhetleri bozmak boýunça tejribelerini geçen asyryň ýetmişinji ýyllarynda başlapdy. Şygyryýetiň diňe tipografik hatarlaryň çäginde ýaşaýan döwründe Şirow sözüň iki ölçegli giňişlige sygmaýandygyny duýdy. Ol goşgynyň el bilen duýulýan sungata öwrülmeginiň ýoluny gözledi. Şahyryň pikirine görä, nusgawy goşgy gurluşy käte hyýalyň erkin uçuşyny çäklendirýärdi. Onuň üçin şygyryýetde täzelik gözlemek doly azatlyga eltýän ýol boldy. Ol sözüň arhitekturasyny öwrenip, harpyň keseliginiň intonasiýany nähili üýtgedýändigini, kagyzdaky boşlugyň bolsa käte ähli dyngy belgilerinden hem güýçli täsir döredýändigini synagdan geçirdi. Bu ugruň öňdebaryjysy hökmünde ol onlarça ýyllap edebiýat bilen grafikanyň arasynda köpri gurup, şygyryýet bilen şekillendiriş sungatynyň terjimeçisiz gürleşýän täze dilini döretdi.
Bu sergä baryp gören adam adaty muzeý düzgünlerinden düýbünden başga dünýä düşýär. Bu ýerde başgaça, hatda birneme özgerdiji düzgün hereket edýär: eger eksponata eliňizi degirmeseňiz, onuň manysynyň ýarysyny ýitirýärsiňiz. Şirowyň işleri göni manyda elde saklanmagy, dürli tarapdan öwrenilmegi isleýär. Şeýlelikde, adaty galereýa gezelenji gyzykly döredijilik oýnuna öwrülýär.
Awtor ýeňil degişme bilen sözüň hataryň içinde kapasadaky guş ýaly gabalyp durmaly däldigini aýdýar. Ol sözi azatlyga goýberýär — käte ony guşyň ganatyna, käte bolsa gadymy küýzäniň keşbine öwürýär. Şeýlelikde, abstrakt pikirlerimiz maddy, hatda eliň bilen duýup boljak derejä ýetýär.

Bu söz labirintinde ýitip gitmezlik üçin awtoryň harplary nähili janlandyrýandygyna üns bermeli. Şirow wizual ýazuwyň dürli usullaryny ussatlyk bilen ulanýar. Sergide akrogoşgylar bar — ýagny setirleriň ilkinji harplaryndan gizlin at ýa-da habar emele gelýär. Emma awtor munuň bilen çäklenmän, telegoşgulary hem hödürleýär. Onda esasy many her setiriň soňunda gizlenýär. Şeýle goşgyny okamak zergär sabryny talap edýär.
Aýratyn orun mezogoşgulara degişli. Olar goşgynyň ortasyndan dikligine geçýän esasy söz arkaly gurlan hakyky binagärlik eserlerine meňzeýär. Şeýle teksti okamak üçin gözüňi setiriň gyrasyna däl-de, merkezine gönükdirmeli bolýar. Bu bolsa ýyllaryň dowamynda emele gelen adaty okalyş endigini bozup, ritmi täzeçe duýmaga mejbur edýär. Diagonal ugurda ýerleşdirilen setirler bolsa adaty düşünjäni düýbünden çylşyrymlaşdyryp, okyjyny açyş lezzetine getirýär.
Many bilen şekiliň sazlaşygyny gözleýänler üçin Şirow şekilli ýa-da wizual goşgulary taýýarlapdyr. Awtor öz wizual goşgularynda fransuz şahyry Gilýom Apolliner tarapyndan döredilen kalligrammalar ideýasyny ösdürendigini aýdýar.
Mysal üçin, uçuş baradaky goşgy guşa ýa-da ganata öwrülýär, wagt hakyndaky pikirler bolsa spiral ýa-da çäge sagady görnüşini alýar. Şeýle hem diňe aýnadan seredilende ýa-da aýratyn burçdan okalanda hakyky manysyny açýan “aýna” kompozisiýalary hem duşýar. Şirow okyjydan hakykatyň diňe bir tarapynyň ýokdugyny kabul etmäge taýýardygyny soraýan ýaly. Bu köpdürliligi nädip kabul etmeli?
«Sungatlaryň çatrygy» taslamasy sergä gelýänlere ilkinji nobatda okamak endiklerini wagtlaýyn ýatdan çykarmagy maslahat berýär. Eseri ilki surat hökmünde kabul ediň: sözler nähili şekil döredýär, haýsy çyzyklar agdyklyk edýär? Şol şekiliň hereketini duýmaga synanyşyň. Şondan soň labirinte girmegiň ýoluny gözläň — aýratyn bellenen harpy, merkezi dikligi ýa-da gizlin diagonal ritmi tapyň. Sungata fiziki taýdan degmekden gorkmaň: eserleri eliňizde aýlaň, kagyzyň eplemlerindäki ýagtylygy synlaň. Neo-şygyryýetiň manysy hut şol hereketde ýüze çykýar.

Şirowyň döredijilik ewolýusiýasy onuň sergide görkezilen kitaplarynda hem aýdyň görünýär. Olarda ýyllaryň dowamynda ýönekeý synaglaryň nähili çylşyrymly şahyrana tapmaçalara öwrülendigini görmek bolýar.
Serginiň hut Bäşim Nuraly adyndaky mekdepde geçirilmegi hem çuň manylydyr. Bu ýaş suratkeşlere we döredijilere synaglardan gorkman, täze ýollary gözlemege çagyrýan göni ýüzlenmedir.
«Sungatlaryň çatrygy» taslamasy ähli gyzyklanýanlary intellektual oýun bilen estetiki gözlegiň sazlaşýan bu aýratyn atmosferasyna çagyrýar. Sergi 30-njy maýa çenli dowam eder. Bu wagty sözlere tans etmegi, uçmagy we täsin şekillere öwrülmegi öwreden adamyň mirasy bilen şahsy tanyşmak üçin mümkinçilikdir. Geliň we şygyryýetiň diňe ýürek bilen däl, eýsem göz bilen görlüp, barmaklaryň ujunda hem duýulyp bilinýändigine göz ýetiriň.
Anaý Ýolbarsow








