Anons

Aşgabatda Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik sergisi öz işine başlaýarAşgabatda Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik sergisi öz işine başlaýar

Aşgabatda Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýine bagyşlanan döredijilik sergisi öz işine başlaýar

Şu gün Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirliginiň we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmenistanyň Suratkeşler birleşiginiň gurnamagynda suratkeş Dawid Aruşaýansyň 75 ýaş ýubileýi mynasybetli döredijilik sergisi açylýar. Sergide suratkeşiň dürli ýyllarda döreden “Narlar”, “Garaşmak”, “Ene”, “Ýaşuly”, “Oý-pikirler” ýaly 100-e golaý nakgaş we grafika eserleri görkeziler

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin bäsleşik yglan edildi ▶️Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin bäsleşik yglan edildi ▶️

Ýokary synp mekdep okuwçylary üçin bäsleşik yglan edildi ▶️

Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan yglan edilen Bilimler güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň hem-de Magtymguly adyndaky Ýaşlar Guramasynyň Merkezi geňeşi bilen bilelikde guramaklarynda 12-nji synp okuwçylaryň arasynda “Watanyň daýanjy-bilimli ýaşlar, Arkadagly Gahryman Serdaryň guwanjy ýaşlar!” atly ders olimpiadasy yglan edildi

Aşgabatda  daşary  ýurtly aýdymçylaryñ konsertleri: çykyşlaryñ tertibiAşgabatda  daşary  ýurtly aýdymçylaryñ konsertleri: çykyşlaryñ tertibi

Aşgabatda daşary ýurtly aýdymçylaryñ konsertleri: çykyşlaryñ tertibi

23-28-nji dekabr aralygynda Gyşky görnüşleri boýunça sport toplumynda bir sahnada daşary ýurtly estrada aýdymçylaryny birleşdirjek garaşylýan Täze ýyl baýramçylyk konsertleri geçiriler. Bu aýdym-saz şüweleñi şäherde ajaýyp baýramçylyk pursatlaryny döredip, ýatdan çykmajak duýgylary sowgat berer. Sebäbi bir hepdäniñ dowamynda tomaşaçylara dünýäniñ dürli künjeginden gelen aýdymçylaryñ täsirli çykyşlary garaşýar.