

Ýygnalýan ekranly MacBook öndüriler
“Apple” kompaniýasy ýygnalýan ekranly MacBook öndürip başlar. Häzirki wagtda kompaniýanyň wekilleri ýygnalýan ekranlary satyn almak boýunça gepleşikleri alyp barýarlar diýip, Business Korea neşiri habar berýär.


“Apple” kompaniýasy ýygnalýan ekranly MacBook öndürip başlar. Häzirki wagtda kompaniýanyň wekilleri ýygnalýan ekranlary satyn almak boýunça gepleşikleri alyp barýarlar diýip, Business Korea neşiri habar berýär.


Telekommunikasiýalar pudagynda dünýäde iri kompaniýalaryň biri bolan Hytaýyň Huawei Technologies Co. kompaniýasy emeli intellektiň köpdilli modeli Pangu 3.0-iň soňky wersiýasyny görkezdi.


Özbegistan Respublikasynyň häzirki Prezidenti, Telekeçiler we işewür adamlar hereketi - Liberal demokratik partiýasyndan prezidentlige dalaşgär Şawkat Mirziýoýew 9-njy iýulda möhletinden öň geçirilýän prezident saýlawlarynda ses berdi.


8-9-njy iýulda ýurdumyzda ilkinji gezek mekdep toparlarynyň arasynda geçirilen küşt boýunça Türkmenistanyň çempionatynyň netijeleri jemlendi. Milli küşt federasiýasy we ýurdumyzyň bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti tarapyndan gurnalan ýaryşlar Aşgabadyň ýöriteleşdirilen küşt-şaşka mekdebinde geçirildi.


Sarp edijilerde giper-şahsylaşdyrylan berhiz, AI, VR we AR bolsa, biziň nahar iýmegimizde has köp orun tutar diýip, Deliveroo hasaplaýar. 2013-nji ýylda Londonda, Angliýada esaslandyrylan we öz 10 ýyllygyny belleýän Deliveroo britan kompaniýasy internet arkaly iýmit eltip bermek bilen meşgullanýar. Häzirki wagtda ol Angliýada, Fransiýada, Belgiýada, Irlandiýada, Italiýada, Singapurda, Gonkongda, BAE-de, Kuweýtde, Katarda we ş.m. iş alyp barýar.


Ysraýylyň Tevel kompaniýasy miwe hasylyny ýygnamak döwründe işçi güýjüniň ýetmezçiligi meselesine innowasion çözgüt tapdy. Ol emeli intellektli robot platformalar. EI uçýan platformadan simli dronlary dolandyrýar. Dronlar şahalaryň arasynda aýlanýarlar we zeper ýetmedik diňe bişen miweleri saýlaýar. Alma, armyt, erik, şetdaly we ş.m. miweleriň ýygymy ähli basgançaklarda adamlar gatnaşmazdan amala aşyrylýar. Bu ekerançylygyň geljegi diýip, işläp taýýarlaýjylar tassyklaýarlar.


Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynda anna gününde umumy bahasy 3,7 million dollar bolan 10 söwda geleşigi baglaşyldy.


Türkmenistanda işlemeginiň dowamynda Türkiýeden gelen kompaniýalar ýurtda jemi bahasy $50,9 mlrd ABŞ dollary möçberinde gurluşyk taslamalaryny ýerine ýetirdiler – diýip, Türkiýäniň söwda Ministrligine salgylanyp, hurriyetdailynews.com habar berýär.


Türkmenistanyň maliýe we ykdysadyýet Ministrliginiň wekiliýeti Ýaponiýanyň daşary işler we maliýe ministrlikleriniň ýokary derejeli emeldarlary bilen Tokioda birnäçe duşuşyklary geçirdi – diýip, Türkmenistanyň Ýaponiýadaky diplomatiki wekilhanasy habar berýär.


Russiýanyň Türkmenistandaky söwda wekili Aleksandr Ýelizarow RF-nyň Penza oblastynyň telekeçileri bilen duşuşdy we olara Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri barada gürrüň berdi – diýip, oblast ykdysadyýet Ministrliginiň metbugat gullugyna salgylanyp, ПензаПресс habar berýär.


Russiýanyň sanly ösüş, aragatnaşyk we köpçülileýin kommunikasiýalar Ministrligi «Jemgyýetçilik hyzmatlaryň» synag taslamasyna badalga berdi, ol plastik karta alternatiwa hökmünde smartfonda elektron sosial kartyň ulanylmagyny göz öňünde tutýar.


2023 – 2024-nji okuw ýylynda döwlet tarapyndan türkmen ýaşlarynyň Rumyniýa döwletinde bakalawr we magistr bilim maksatnamalary esasynda ýokary bilim almaklary üçin seçip alyş işi geçirilýär.


Dünýäde ilkinji köptaraply maýa goýum ylalaşygynyň hukuk teksti soňuna çenli işlenildi – diýip, ýurduň söwda ministrligine salgylanyp, China daily habar berýär.


Iki ýyllyk okuw maksatnamasynyň ahyrynda, magistrler “Döwlet dolandyryşyň nazaryýeti” dersinden döwlet synagyny tabşyryp, möhüm temalar boýunça diplom işlerini goradylar.


Türkmenistanda çykyş nokatlarynda jemgyýetçilik saglygy goraýyşy babatynda adatdan daşary ýagdaýlara gözegçilik etmeklige bagyşlanan kaskad okuwlary geçdi.