

Aşgabatda «48 Hour Film Race» bäsleşigi barada maglumat sessiýasy geçiriler
Aşgabatda "48Hour Film Race" (48HFR, “48 sagatlyk film ýaryşy”) bäsleşigine we Türkmenistanda kinematografiýanyň ösüşine bagyşlanan nobatdaky “#GoNight” duşuşygy geçiriler.


Aşgabatda "48Hour Film Race" (48HFR, “48 sagatlyk film ýaryşy”) bäsleşigine we Türkmenistanda kinematografiýanyň ösüşine bagyşlanan nobatdaky “#GoNight” duşuşygy geçiriler.


“Türkmen medeniýetinde VR tehnologiýalary: däp-dessurlaryň we döwrebaplygyň simbiozy” “GoViral” taslamasynyň Instagram-daky täze neşiri şeýle atlandyryldy. “#GoBeyond” rubrikasynda bir ýazgy, türkmen jemgyýetiniň dürli pudaklarynda wirtual hakykat tehnologiýalarynyň ulanylyşy barada gürrüň edýär.


“Baýly gurluşyk” hususy kärhanasy Ahal welaýat häkimliginiň buýurmasy boýunça, Ak bugdaý etrabynyň Bokurdak şäherçesinde 1200 orunlyk döwrebap umumybilim berýän mekdebiň we 120 orunlyk umumy ýaşaýyş jaýynyň taslamasyny düzer hem-de gurar.


Türkmenistanda «Döwlet sirklerine, aýry-aýry professional sirk döredijilik toparlaryna «Milli» hukuk derejesini bermegiň tertibini we şertlerini tassyklamak hakynda» Kararyň taslamasy taýýarlanyldy.


Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynda ýaşaýan türkmenler bu ýerde döredilen "Türkmenleriň Milli medeni awtonomiýasy" atly jemgyýetçilik guramasynyň üsti bilen Türkmenistanyň Kazan şäherindäki Baş konsullygy bilen bilelikde, hususanda, Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlap çäreleri geçirmäge taýýardyr.


Azerbaýjanly bilermen Hazar Ahundowyň pikiriçe, türkmen energoulgamy örän baý kuwwatlyklara eýe bolup, ýurduň elektrik energiýasyny Azerbaýjana we Türkiýä ibermek üçin ähli mümkinçilikleri bar.


30-31-nji ýanwarda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-rus toparynyň 13-nji mejlisi we bilelikdäki işewürlik forumy geçiriler. Oňa türkmen we rus işewür wekilleri gatnaşarlar.


Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky hemişelik wekili Wepa Hajiýew Guramanyň degişli düzüminiň ýolbaşçysy Tatýana Walowa ynanç hatyny gowşurdy.


Saud Arabystanyň “Al-Nasr” futbol klubynyň we Portugaliýa ýygyndy toparynyň hüjümçisi Kriştianu Ronaldu taryhy rekord goýdy.


Las-Wegas şäherinde geçirilýän halkara tehnologiýalar we elektronika serginiň çäklerinde “JBL” kompaniýasy sensor ekrany ornaşdyrylan simsiz gulaklaryny tanyşdyrdy.


Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň binýatlaýyn esasyny emele getirýän nebitgaz pudagy eksport mümkinçiliklerini ýokarlandyrýar.


11-nji ýanwarda, penşenbe güni, Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda içerki we daşarky bazarlarda nebithimiýa we ýeňil senagat önümi ýerlenildi.


Türkmenistanyň «Türkmenistan» döwlet täjirçilik banky telekeçileri ýeňillikli karzlardan peýdalanmaga çagyrýar.


Saglygy goraýyş ulgamlarynyň ösmegi şertlerinde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň ilaty saglyk derejesi iň gurply ýagdaýda 38 ýyl, sagdyn ýagdaýda hem 65 ýyl ýaşaýar.


Täze 2024-nji ýylyň ilkinji günlerinde Türkmenistan Russiýanyň Moskwa sebitine 2 müň tonna ter pomidor eksport etdi.