Habarlar

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildiTürkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Dermanlyk ösümliklerine bagyşlanyp halkara ylmy-amaly maslahat geçirildi

Şu gün (14.03.2024ý.) Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetinde Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleri” atly ylmy-ensiklopedik eserlerinden ugur alnyp “Dermanlyk ösümlikleri: bioekologiýasy, biotehnologiýasy, bioykdysadyýeti” atly halkara ylmy-amaly maslahaty geçirildi. Oňa ýurdumyzyň belli alymlary, ýokary okuw mekdepleriniň professor-mugallymlary, ylmy jemgyýetçiligiň wekilleri, şeýle hem sanly ulgam arkaly dünýäniň 13 ýurdunyň ylmy düzümleriniň 100-den gowrak wekilleri gatnaşdylar. Şolaryň hatarynda Ýaponiýa, Russiýa, Awstriýa, Wengriýa, Nigeriýa, Gazagystan, Hytaý, Singapur, Hindistan, Efiopiýa we beýlekiler bar.. Halkara ylmy-amaly maslahatynyň gün tertibine ylmy barlaglaryň ileri tutulýan ugurlary boýunça özara gatnaşyklar, dermanlyk ösümlikler boýunça täze tehnologiýalary işläp taýýarlamak we olary ulanmak, keselleri bejermekde we öňüni almakda fitoterapiýanyň ähmiýeti ýaly meseleler girizildi.

Russiýa sebitlerde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýarRussiýa sebitlerde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Russiýa sebitlerde hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini açýar

Hyzmatdaş döwletler «Halal» standartlaryna laýyk gelýän rus önümleriniň eksportyny artdyryp, Russiýanyň sebitlerinde gurluşyk üçin girdejili maýa goýup bilerler. Bu barada «Russiýa – Yslam dünýäsi» strategiki göz ýetiriş toparynyň ýolbaşçysy we Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow 5-nji martda Moskwada Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň (YHG) agza döwletleriň ilçileri bilen geçirilen duşuşykda aýtdy.