

Dünýä Akbäbek Taganowanyň gözleri bilen: telekeçi-zenan öz syýahatlary barada gürrüň berip, öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlaryny berdi
ORIENT habarçysy üstünlikli türkmen telekeçi-zenan hem-de höwesjeň syýahatçy Akbäbek Taganowa bilen söhbetdeş boldy. Bütün durmuşynyň dowamynda ol 100 ýurda baryp görüp, işewürligini täze gözýetimleri açmak bilen utgaşdyrýar. Söhbetdeşligiň dowamynda Akbäbek öz ruhlandyrjy tejribesi barada aýtmak bilen, syýahatlarynyň has gyzykly pursatlary, peýdaly durmuş usullary we öwreniji syýahatçylar üçin maslahatlary bilen paýlaşdy.



















